Ukrainada Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaby tanyşdyryldy

  • 25.01.2024 15:05
  • 8.4k+

23-nji ýanwarda Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu barada ilçihananyň metbugat gullugy habar berýär.

Çärä Ukrainanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplar, türkmen diasporasynyň wekilleri we diplomatlar gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitabynyň ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki orny barada belläp geçdiler.
Ýaşlaryň ýurduň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna işjeň gatnaşmagyny üpjün etmekden ybarat bolan Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.
Soňra çäre talyplaryň aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam etdi. Bu çäräniň çygrynda, Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Bagt ýoly” goşgusyna milli saz guralda ýerine ýetirilen aýdym çärä gatnaşyjylar tarapyndan joşgun bilen garşylandy.
Bu ýerde guralan sergide  türkmen halkynyň Milli Lideriniň türkmen we ukrain dillerinde neşir edilen köp sanly kitaplary görkezildi.


şu gün 19:20
1k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

düýn 16:02
1.1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......