JETRO guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasyny we Türkmenistanyň Ýaponiýada söwda öýüni açmak mümkinçilikleri öwrenilýär

  • 25.01.2024 14:41
  • 2.4k+

Türkmenistanyň wekiliýetiniň 22-23-nji ýanwarda Ýaponiýa iş saparynyň barşynda ýurdumyzda we Ýaponiýada işewürligi alyp barmaga gönükdirilen kiçi we orta telekeçileriň özüne çekijiligini artdyrmak maksady bilen «JETRO» guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň, Türkmenistanyň Ýaponiýada söwda öýüniň açylmagynyň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşmalar gurnaldy. Şeýle-de, şu ýylyň birinji ýarymynda türkmen tarapynyň «JETRO» guramasy bilen bilelikde işewürlik forumyny geçirmek boýunça meýilleri beýan edildi.

Türkmen daşary syýasat edarasynyň saýtynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ýaponiýanyň daşary söwda guramasynyň (JETRO) ýerine ýetiriji direktory hem-de başlygy Işiguro Norohiko bilen duşuşyklary geçirdi.
«JETRO» guramasynyň  wekilleri bilen geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn söwdanyň ösüşini höweslendirmek boýunça ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere seredildi.


düýn 20:55
2.4k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......