Xiaomi Redmi Note 13-iň global satuwyna başlaýar

  • 24.01.2024 15:36
  • 14k+

24-nji ýanwarda Xiaomi Redmi Note 13 smartfonlarynyň global wersiýasynyň satuwyna başlar. Goýberiliş azyndan iki tolkuna bölüner diýip, Ferra habar berýär.

Birinji tolkunda şu üç modeliň satyljakdygy belli boldy: Redmi Note 13 Pro +, Redmi Note 13 Pro 5G we Redmi Note 13 Pro 4G.
Redmi Note 13 5G-iň we Redmi Note 13 4G-iň esasy wersiýalary entek elýeterli bolmaz.
Redmi Note 13 Pro + üç reňkde hödürlener: gara, ak we lawanda reňklerinde hem-de iki ýat konfigurasiýasynda bolar: 8/256 GB we 12/512 GB. Bu modelleriň bahalary, degişlilikde, 399 dollar we 449 dollar bolar.
Redmi Note 13 Pro 5G gara, gök we benewşe reňklerde bolar. Bu model iki ýat opsiýasynda çykar: 8/256 GB we 12/512 GB, degişlilikde, 349 dollar we 399 dollar bahadan satylar.
Redmi Note 13 Pro 4G gara, ýaşyl we lawanda reňklerinde bolar. Ýat konfigurasiýalary beýleki iki modele meňzeýär, ýöne bahalar barada maglumat entek aýdylmady.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...