Apple iPhone üçin birnäçe täze aýratynlygy bolan täzelenme çykardy

  • 24.01.2024 14:47
  • 6.9k+

Apple kompaniýasy iOS 17 ykjam operasiýa ulgamy üçin üçünji uly täzelenme bolan iOS 17.3 täzelenmesini çykardy. Programma üpjünçiligi, kompaniýa Journal (Žurnal) programmasy bilen öňki täzelenmesini çykarandan bir aýdan gowrak wagtdan soň peýda boldy diýip, MacRumors-a salgylanýan IXBT.com belleýär.  

iOS 17.3 birbada birnäçe täze aýratynlyklary hödürleýär. Esasylarynyň arasynda - ogurlyk bolan ýagdaýynda goşmaça gorag bar. Bu aýratynlyga Stolen Device Protection (Ogurlanan enjamlary goramak) diýilýär - indi smartfonyňyzda käbir hereketleri ýerine ýetirmek üçin Face ID ýa-da Touch ID ulanmaly bolarsyňyz, parol koduny alternatiwa hökmünde girizip bilmersiňiz.
Şeýle hem “Maglumatlary goramak üçin ulgam gijikdirilmesi” bar - ulanyjy smartfonda ýa-da Apple ID parolynda parol koduny üýtgetjek bolanda bir sagatdan soň gaýtadan biometrik tassyklamadan geçmeli bolar.
Beýleki täze aýratynlyklar Apple Music-de bilelikdäki pleýlistleri döretmek ukybyny öz içine alýar. Şeýle hem, Apple afroamerikan taryhynyň aýy mynasybetli täze “Agzybirlik” diwar kagyzyny goşdy.
IOS 17 ykjam operasiýa ulgamynyň özi iPhone üçin 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda elýeterli boldy.


07.05.2026 21:13
2.9k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.2k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...