«Türkiye Bursları» talyp hakly maksatnamasy üçin arzalar kabul edilip başlandy

  • 24.01.2024 14:35
  • 7k+

10-njy ýanwarda «Türkiye Bursları» (Türkiýäniň talyp haklary) talyp hakly maksatnamasy boýunça türk ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak üçin arzalar kabul edilip başlandy. Arzalar 20-nji fewrala çenli «Türkiye Bursları» maksatnamasynyň web sahypasynda mugt kabul edilýär.

«Türkiye Bursları» maksatnamasynyň esasy maksady dünýäniň dürli künjeklerinden üstünlikli talyplara Türkiýede halkara standartlary esasynda talyp hakly uniwersitet bilimini almak üçin deň mümkinçilikleri döretmekden ybaratdyr. Mundan başga-da, maksatnama Türkiýe bilen beýleki ýurtlaryň arasyndaky özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de ylym, sungat, ykdysadyýet, edebiýat, tehnologiýalar we binagärlik ýaly dürli ugurlarda sebitleýin we global ösüşe goşant goşmaga gönükdirilendir.
«Türkiye Bursları» dünýädäki iň giň gerimli maksatnamalaryň biri hasaplanýar. Ol aýlyk talyp haklaryny, uniwersitetde bilim almagyň töleglerini, saglyk ätiýaçlandyryşyny, ýaşaýyş jaýynyň çykdajylaryny, türk dili boýunça okuwlary, awiapetekleri hem-de mugt akademiki we medeni maksatnamalary öz içine alýar.
Her ýyl 160-dan gowrak ýurtdan müňlerçe daşary ýurtly talyp «Türkiye Bursları» üçin ýüz tutýar. Maksatnama her ýylda, takmynan, 5000 daşary ýurtly talyba talyp hakyny berýär.
Bu maksatnama Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş jemgyýetler boýunça Prezidium (YTB) tarapyndan amala aşyrylýar.
Maksatnama gatnaşmak üçin arzany www.turkiyeburslari.gov.tr web sahypasynda resmileşdirmek mümkindir.


09.04.2025 13:22
3k+

Türkiýäniň YTB edarasynyň başlygy Abdullah Eren Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine baryp gördi

8-nji aprelde Türkiýäniň Daşary ýurtlardaky türkler we garnydaş jemgyýetler edarasynyň başlygy Abdullah Ereniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabada saparynyň çäklerinde birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde duşuşyklary...

09.04.2025 11:21
1.7k+

Türkmenistanyň bilim ministri Türkiýäniň YTB edarasynyň başlygy bilen duşuşdy

8-nji aprelde Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew bilen Türkiýäniň Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş jemgyýetler edarasynyň (YTB) başlygy Abdullah Ereniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň...

26.02.2025 17:05
5.9k+

Türkmenistanyň bilim ministri Ankarada türkiýeli kärdeşleri bilen duşuşdy

24-25-nji fewralda Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ankara şäherinde iş saparynda bolup, Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky Bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk...

11.04.2024 13:02
18k+

«Türkmenistan» awiakompaniýasy uçarman bolmak isleýänleri dalaşgärlige kabul edýär

“Türkmenistan” awiakompaniýasy dalaşgärleri öňünden seçip almak arkaly uçarman käri boýunça Türkiýe Respublikasynyň “Awiasiýa Birleşiginiň uniwersitetine kabul edişligi yglan etdi. Okuwlar awiakompaniýanyň hasabyna...