«Türkmenistan» awiakompaniýasy uçarman bolmak isleýänleri dalaşgärlige kabul edýär

  • 11.04.2024 13:02
  • 18k+

“Türkmenistan” awiakompaniýasy dalaşgärleri öňünden seçip almak arkaly uçarman käri boýunça Türkiýe Respublikasynyň “Awiasiýa Birleşiginiň uniwersitetine kabul edişligi yglan etdi.

Okuwlar awiakompaniýanyň hasabyna alnyp barylýar (ylalaşyk esasynda) we okuwyň möhleti - 4 ýyl.
Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2024-nji ýylyň 1-31-nji maýy aralygynda kabul edilýär.
Okuwa Türkmenistanyň raýatlylygy bolan saglyk ýagdaýy «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Lukmançylyk merkeziniň talaplaryna gabat gelýän, umumy orta bilimli, ýaşy 25-den geçmedik oglanlar (harby şahadatnamasy bolan) giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Okuw “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ilkibaşlangyç söhbetdeşliginden, Türkiýe Respublikasynyň “Awiasiýa Birleşiginiň uniwersitetiniň wekilleriniň söhbetdeşliginden (synag) we Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherindäki lukmançylyk toparlarynyň barlaglaryndan soň başlanýar.

Giriş synaglary iňlis dili (gürlemek, ýazmak, okamak), matematika we fizika (şahadatnamalar makullanýar) derslerinden geçirilýär. Beýleki daşary ýurt dil bilimi makullanýar.
Giriş synaglary 2024-nji ýylyň 1-30-njy iýuny aralygynda Aşgabat şäherinde “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde geçirilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň doly sanawyny şu salgydan alyp bilersiňiz.

Resminamalar Aşgabat ş., A.Annaýew köçesi, “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti salgy boýunça kabul edilýär.
Telefon belgisi: 23-47-88.



 


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......