22-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Tsukuba Uniwersitetiniň Prezidenti K.Nagata we Soka Uniwersitetiniň Prezidenti M.Sudzuki bilen duşuşyklary geçirildi.
Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Duşuşyklarda ikitaraplaýyn ylym we bilim, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläkde ösdürmegiň ähmiýetli meselelerine seredildi.
Ýaşlar syýasaty babatynda maksatnamalaryň we bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berildi.
Bellenilenlerden başga, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary Soka Uniwersitetiniň rektory, «Nippon» gaznasynyň başlygy we Ýaponiýanyň dürli ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary bilen gepleşikleri geçirdiler.
Tsukuba uniwersiteti Ibaraki prefekturasynyň günortasynda Tsukuba şäherinde ýerleşip, 1896-njy ýylda esaslandyryldy. Bu bilim edarasy Ýaponiýanyň Hökümeti tarapyndan Top Global University Project taslamasynyň çäklerinde ýokary görnüşli iň gowy milli uniwersitetleriň dokuzlygyna girdi.
Soka uniwersiteti - bu Tokioda ýerleşen hususy uniwersitet bolup, 1971-nji ýylda esaslandyryldy. Bu uniwersitet "Uniwersitetleri goldamagyň Super Global taslamasyna" gatnaşýar.