Samsung-yň akylly ýüzügi barada käbir maglumatlar peýda boldy

  • 24.01.2024 14:23
  • 9.4k+

Samsung kompaniýasynyň täze akylly ýüzügini günüň dowamynda barmagyňyzdan aýyrman dakynyp bilersiňiz. Bu barada SamMobile neşiri habar berýär.

Pudak analitigi Awi Gringart Threads sosial ulgamynda Samsung-yň akylly ýüzüginiň prototipi bilen içgin tanyş bolandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, Galaxy Ring-iň agramy örän az bolup, ulanyjy ony günüň dowamynda aýyrman dakynyp bilýär we hatda uky wagtynda hem aýyrman biler.
Şeýle-de, ýüzügiň birnäçe ölçege eýe boljakdygy belli boldy. Maglumatlarda dewaýsyň üç ölçegde, şol sanda 13-lik ölçegde çykjakdygy görkezilýär. Analitik bu ýerde içki diametri 0,874 dýuým ýa-da 22,20 mm bolan ýüzügi göz öňünde tutýan bolmaly.
Hünärmeniň aýtmagyna görä, ýüzügi saglygyňa, özüňi duýşuňa we uka gözegçilik etmek üçin ulanyp bolar. Köp ýagdaýda ol bazardaky Oura ýaly beýleki smart ýüzükleri ýatladyp biler. Akylly aksessuaryň çykjak senesi we bahasy häzirlikçe belli däl, ýöne Gringart Galaxy Ring-iň şu ýylyň dowamynda satuwa çykjakdygyna ynandyrýar.


23.05.2026 10:37
4.3k+

Apple iPhone 18 Pro-nyň displeýleriniň önümçiligini Samsung bilen LG-ä ynanar

Apple kompaniýasy iPhone 18 Pro hatary üçin üpjünçilik zynjyryny jemlemegiň üstünde işleýär. Pudaklaýyn çeşmeleriň maglumatyna görä, kompaniýa şu aýyň dowamynda iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max modelleri......

21.05.2026 16:26
1.5k+

Google we Samsung displeýsiz akylly äýnekleri resmi taýdan tanyşdyrdy

Google I/O 2026 maslahatynda Google we Samsung kompaniýalary Gemini emeli aňynyň esasynda işleýän we ulanyjylaryň ellerini smartfonlardan boşatmaga niýetlenen bilelikdäki akylly äýnekleriniň hataryny resmi......

18.05.2026 01:22
2.7k+

Samsung kompaniýasynyň täzeligi: geljekki smartfonlar gologrammalary äýneksiz görkezip bilerler

Samsung smartfonlar üçin golografik displeý tehnologiýasy boýunça içerki barlaglary geçirýär, bu tehnologiýa ulanyjylara ýörite äýnekleri ulanmazdan, üç ölçegli suratlary görmäge mümkinçilik berer....

15.05.2026 15:33
1.6k+

Samsung smartfonlarynda push-mahabatlary akylly usulda bloklaýan ulgam ornaşdyryldy

Samsung kompaniýasy Device Care goşundysyny täzeledi we oňa push-bildirişlerindäki spam hem-de mahabatlar bilen awtomatiki göreşmek üçin niýetlenen "Intelligent Blocking" funksiýasyny goşdy....