«Üç pälwan we Ýeriň göbegi» Russiýanyň taryhynda iň üstünlikli multfilm boldy

  • 24.01.2024 12:18
  • 9.1k+

«Üç pälwan we Ýeriň göbegi» animasion filmi «Melnisa» animasiýa studiýasynyň «Üç pälwan» franşizasynda we Russiýanyň animasiýasynyň taryhynda iň üstünlikli film boldy. Bu barada RBK Life «Wolga» prokat kompaniýasynyň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.

Kompaniýanyň wekilleri filmiň dördünji dynç günüň netijelerine görä, prokatda 947 million rubl ýygnandygyny aýtdy. Bu eýýäm animasiýa franşizasynyň öňki bölümleriniň toplan serişdelerinden has köpdür: «Üç pälwan uzak kenarlarda» (2012) multfilmi 933 million rubl, «Üç pälwan. At göçümi» (2015) bolsa 925 million rubl toplady.
Ýatlatsak, asylly pälwanlar we olaryň dostlary baradaky franşizanyň 12-nji bölümi 2023-nji ýylyň 28-nji dekabrynda uly ekranlara çykdy. Hekaýada Ýylan Gorynyç çaga dinozawra duşýar. Tomaşaçylaryň söýgüli gahrymanlary at Ýuliý, Knýaz we Alýoşa Popowiç uzak geçmişe düşýärler. Multfilmiň gahrymanlary «wagt syýahatçylaryny» nädip yzyna getirip boljakdygyny we Ýeriň göbeginiň nämedigini anyklamaly bolarlar.


03.06.2026 18:04
2.4k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

29.05.2026 15:22
9.6k+

Sankt-Peterburgda meýletinçiler 27 müňden gowrak gurlawugy we gurbagany ýoldan geçirdiler

Sankt-Peterburgda "Amfibiýalara ýol beriň!" kampaniýasy geçirildi, onuň dowamynda meýletinçiler möwsümleýin göçýän döwürlerinde 27 289 gurlawuga we gurbaga gatnawly awtoulag ýolundan geçmäge kömek etdiler. Bu......

28.05.2026 12:25
1.8k+

Aýwazowskiniň "Dokuzynjy gom" eseri ilkinji gezek doly restawrasiýadan geçiriler  

Iwan Aýwazowskiniň Rus muzeýiniň ýygyndysyndaky meşhur "Dokuzynjy gom" kartinasy ilkinji gezek doly restawrasiýa ediler diýip, muzeýiň metbugat gullugy habar berdi....

25.05.2026 17:12
6.6k+

Russiýaly paraalpinist Nabiýew Eweresti elleri bilen boýun egdiren dünýäde ilkinji adam boldy

Ufaly (RF) paraalpinist Rustam Nabiýew Ewereste diňe elleri bilen dyrmaşyp çykan dünýäde ilkinji adam boldy. Ol 20-nji maýda Nepal wagty bilen sagat 8:16-da çür depä ýetdi....