NASA: Ingenuity mars dikuçary Ýer bilen aragatnaşygyny ýitirdi

  • 23.01.2024 13:37
  • 8.1k+

Ingenuity pilotsyz kosmos dikuçary Marsa soňky gezekki uçuşynda Ýer bilen aragatnaşygyny ýitirdi. Bu barada ABŞ-nyň Aeronawtika we kosmos giňişligini öwrenmek boýunça milli dolandyryşyna (NASA) salgylanýan RBC habar berýär.

Aragatnaşyk Ingenuity-niň 72-nji uçuşynda ýitirildi.
NASA-nyň hünärmenleri Preservance mars rowerini Ingenuity-niň gonmagy çaklanylýan ýere ibermekçi bolýarlar, sebäbi maşynlar häzir biri-birinden uzakda ýerleşýär. Mars roweriniň kameralarynyň kömegi bilen dikuçary gözden geçirmek onuň  ýagdaýyna baha bermäge mümkinçilik berer.
Bu NASA-nyň enjam bilen aragatnaşygyny ilkinji gezek ýitirişi däl: 2023-nji ýylyň maý aýynda hünärmenler alty günläp Perseverance roweriniň ýaýradýan  signallaryny alyp bilmediler.
Marsda bolan döwründe Ingeniuty jemi 17,7 kilometr uçup, gyzyl planetanyň asmanynda 128 minut geçirdi. Enjam howa gözlegini amala aşyrýar we Preservance rowerine iň amatly ugurlary salgy berýär.


17.06.2026 11:18
1.1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

14.06.2026 16:13
6k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

11.06.2026 10:55
1.9k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

09.06.2026 23:32
4.2k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....