Angliýada AI awtobuslaryň gatnaw rejesini düzmäge we takyklygyny 20% ýokarlandyrmaga kömek etdi

  • 23.01.2024 12:30
  • 4.9k+

Tutuş Beýik Britaniýa boýunça awtobus gatnawlaryny dolandyrýan First Bus iňlis operatory jemgyýetçilik ulaglarynyň gijigip gelmegi bilen bagly meseläni çözmek üçin gatnawlaryň rejesini düzmekde we ony awtomatiki usulda täzelemekde emeli aň esasly programma üpjünçiligini ornaşdyrdy diýip, Inc. habar berýär.

“Awtobuslaryň gatnaw rejesini düzmek gaty kyn, sebäbi tutuş Beýik Britaniýa boýunça 4000 awtobusymyz bar we olar günde 16 sagat işleýär. Olary wagtly-wagtynda getiräýmek aňsat däl "- diýip, First Bus-yň täjirçilik müdiri Saýmon Pirson belleýär.

Pirsonyň sözlerine görä, AI ulanylmazdan öň awtobuslaryň gatnaw rejesi elde düzülýärdi we bu köp wagt alýardy. Aslynda, bu şeýle bir çylşyrymly iş bolansoň, First Bus, adatça, gatnawlaryň rejesini ýylda diňe üç gezek çalşyp bilýärdi. AI-iň hasaplaýyş güýji we öwreniş ukyby kompaniýa rejelerini ýygy-ýygydan üýtgetmäge mümkinçilik berdi. AI, hatda, ýol dykynlary bolan ýagdaýynda rejä awtomatiki düzedişleri  hem girizip biler.
Pirsonyň sözlerine görä, täze çeýe meýilnama awtobus sürüjileriniň dartgynlylygyny peseldýär we, köplenç, hyzmatlara subsidiýa berýän ýerli hökümetler, awtobuslaryň sanyny optimizirlemek arkaly, pul tygşytlap biler.


04.05.2026 12:04
4k+

Ählumumy maglumat merkezleriniň gurluşygynyň şowhuny serişdelere düşýän agramy artdyrýar

Dünýäniň maglumat merkezleriniň infrastrukturasy çalt depginde giňelýär, bu bolsa gurluşykda iň uly şowhunlaryň birini döredýär we energiýa we suw serişdelerine düşýän agramy artdyrýar....

28.04.2026 17:11
5.2k+

Britaniýaly inžener 338 km/sag tizlik bilen gidýän «bugly raketany» döretdi

Beýik Britaniýaly inžener-entuziast Grem Saýks bug güýji bilen işleýän motosikl gurnady. Bu täsin ulag Santa Pod ýaryş meýdançasynda geçirilen barlaglarda «dünýäniň iň çalt bugly motosikli» diýen ady almagy......

29.12.2025 11:56
3.2k+

Britaniýaly alymlar elektromagnit päsgelçilikleriniň 99,97%-ini bökdeýän dury plýonkany oýlap tapdylar

Glazgo uniwersitetiniň alymlary elektromagnit şöhlelenmesiniň 99,97%-den gowragyny yzyna serpikdirip bilýän örän inçe, çeýe we dury nanoplýonkany oýlap tapdylar. Bu material Wi-Fi we 5G signallarynyň täsir edýän şertlerinde geýilýän sensorlaryň, lukmançylyk enjamlarynyň we çeýe displeýleriň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek üçin niýetlenendir...

03.12.2025 11:09
6.1k+

Arheologlar Stounhenjiň golaýyndaky ägirt uly çukurlaryň tegeleginiň emeli gelip çykyşyny tassykladylar

Arheologlar Stounhenjiň golaýyndaky äpet çukurlar zynjyrynyň adamlar tarapyndan döredilendigine subutnama tapdylar diýip, “Internet Arheologiýasy” žurnalynyň bir makalasyna salgylanýan BBC we “The Guardian” habar berýär...