Aşgabatda we Ak bugdaý etrabynda awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparynyň edara binalary açyldy

  • 23.01.2024 12:16
  • 26k+

22-nji ýanwarda Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň Büzmeýin etrabynyň Polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň hem-de Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparynyň edara binalarynyň açylyş dabaralary boldy. Bu barada Türkmenistan gazetinde habar berilýär.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Gurluşyk birleşigi tarapyndan bina edilen desgada ornaşdyrylan döwrebap enjamlar awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny, ýagny olaryň dolandyryş, yşyklandyryş, duruzyş ulgamlarynyň, tizlik ölçeýjisiniň işleýşiniň, talabalaýyklygyny, hereketlendirijisiniň bölüp çykarýan gazynyň mukdarynyň derejesini we onuň ekologik kadalara laýyklygyny barlamak işlerini ýokary hilli geçirmäge hem-de maglumatlary ulaglaryň bitewi elektron ulgamynda hasaba goýmaga mümkinçilik berýär.


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......