Adampisint robotlar ABŞ-daky BMW zawodynda işläp başlar

  • 22.01.2024 12:31
  • 8.2k+

BMW Manufacturing nemes awtoulag öndürijisi Figure robot öndüriji başlangyç bilen adampisint robotlary döretmek barada şertnama baglaşdy. olar Günorta Karolinanyň Spartanburg şäherindäki Demirgazykamerikan zawodynda käbir önümçilik ýerlerinde adamlaryň ornuny eýelär diýip, IXBT.com habarlar gullugy habar berýär.

Bu Figure 2022-nji ýylda döredileninden bäri gol çekilen ilkinji täjirçilik şertnamasydyr. Figure-niň baş direktory Brett Adkokyň sözlerine görä, başda önümçilikde az sanly robot ulanylyp başlanar. Eger zähmet öndürijiliginiň maksat edinilen görkezijilerine ýetilse, onda olaryň sany köpeldiler.
Robotlar dürli sehlerde – kuzow bölümindäki, metal listlerini işläp bejerýän bölümdäki we ammarlardaky önümçilik proseslerine ornaşdyrylar.
Maşynlar deslap neýrosetleriň okuwlary arkaly tälim alarlar: robotyň soňraky ýerine ýetirjek amallary AI-de birnäçe gezek görkeziler.
Okuw prosesi tamamlanandan soň, maşynlar özbaşdak işlär.

Adkok: "Roboty ýakynyndaky adamlar üçin howpsuz bolar derejede taýýarladyk" diýdi.

Synag üstünlikli geçen ýagdaýynda, adampisint robotlar soň beýleki BMW zawodlarynda-da peýda bolar.


şu gün 14:05
2.4k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

18.06.2026 10:58
3.9k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....