Insaýder: Google-yň çat-boty şekilleri döretmegi öwrendi

  • 22.01.2024 12:24
  • 2.1k+

Google-yň Bard çat-botunda şekil döretmek üçin täze aýratynlyk peýda bolar. Abraýly insaýderleriň biri emeli aňly çat-botuň täze mümkinçiliklerini habar berip, entek žurnalda çykarylmadyk üýtgeşmäni paýlaşdy diýip, Ferra habar berýär.

Täze gural, diňe birnäçe sözüň ýazylmagy bilen, ulanyjylaryň hyýallaryny janlandyrmagy wada berýär. Bard beýany surata öwrer.
Bu aýratynlyk ulanyjylara döredilen suratlary aňsatlyk bilen ýüklemäge ýa-da häkibir “Ýene döretmeli” düwmesine basmak bilen, döredijiligini dowam etdirmäge mümkinçilik berer.
Çeşmeleriň berýän habaryna görä, Google-yň Imagen modeller maşgalasy Google Bard-da şekil döretmek üçin ulanylar.
Öň syzdyrylan ekran suratlary we kod bölekleri Google-yň giňeldilen mümkinçilikleri we üýtgeşik aýratynlyklary hödürläp, meşhur dil modeliniň tölegli, abuna ýazylan görnüşini taýýarlaýandygyny görkezýär.


21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

18.06.2026 22:43
1.3k+

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....

17.06.2026 07:37
3.1k+

Google Earth-de mugt awiasimulýator peýda boldy: planetanyň üstünden uçup bolýar

Google Earth platformasy göni brauzeriň içinde wirtual uçary dolandyrmaga we dünýäniň dürli sebitlerini uçuş belentliginden synlamaga mümkinçilik berýän mugt awiasimulýatora elýeterliligi açdy....