Betmen, Supermen we Täsin zenan 10 ýyldan jemgyýetçilik emlägi bolar

  • 21.01.2024 20:45
  • 10k+

DC komiks äleminiň başlangyjy bolan köp sanly gahrymanlar 10 ýyldan jemgyýetçilik emlägine öwrülip başlar. Bu barada Variety neşirine salgylanyp, daily.afisha.ru habar berýär.

Şeýlelikde, bu 2034-nji ýylda Supermen bilen Lois Leýne, 2035-nji ýylda Betmene, 2036-njy ýylda Jokere, 2037-nji ýylda Täsin zenana täsir eder. Şondan soň islendik adam bu gahrymanlaryň gatnaşmagynda kontent döredip, ondan girdeji alyp biler.
Neşiriň belleýşi ýaly, diňe iň ilkinji komikslerdäki gahrymanlaryň görnüşleri jemgyýetçilik emlägi bolar. Mysal üçin, olarda Supermen uçup däl-de, diňe böküp bilýärdi, onuň üçin kriptonit hem gorkuly däldi. Personažyň hut şu wersiýasyny awtorlar öz taslamalary üçin ulanyp bilerler.
Şol bir wagtyň özünde, komiksleriň köp sanly belli elementleri DC degişli bolmagyny dowam etdirer. Olaryň arasynda Supermeniň uly “S” harply logotipi, “Polat adamy” lakamy we Betmeniň logotipi bar. Şonuň üçin DC-niň super gahrymanlaryna esaslanjak kontentiň geljekki awtorlary komiksleriň esasynda döretjek eserlerinde ulanyp biljek zatlaryny ünsli öwrenmeli bolarlar diýip, hukukçylar belleýär. 

şu gün 20:25
86

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

şu gün 20:19
230

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

şu gün 19:55
549

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

şu gün 16:49
1k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......