Emeli aň adamyň hatyny ýasamagy öwrendi

  • 21.01.2024 15:35
  • 4.9k+

Abu-Dabidäki Mohammed bin Zaýed adyndaky emeli aň uniwersitetiniň (MBZUAI) hünärmenleri ameli aňyň anyk bir adamyň hatyna aşa golaý şekilde meňzeş ýazmagy öwrenendigini aýtdylar. Neýroulgamyň ýazmaça materiallaryň birnäçe setirine esaslanýar diýip, mail.ru «Bloomberg» neşirine salgylanyp habar berýär.

Alymlar haty ýasamaga ukyply ýörite programmalaryň we hatda robotlaryň bardygyny aýdýarlar. Şeýle-de bolsa, täze taslama harplaryň şekilini üýtgetmek we ony tanamak işini çaltlaşdyrýar. Ýöne alymlar onuň peýdasynyň zyýanyndan has artykdygyny ýa-da däldigini aýdyp bilmejekdiklerini nygtaýarlar.
Hünärmenler emeli aňyň, mysal üçin, ysmaz adamlara tekst ýazmak üçin peýdaly boljakdygyny belleýärler. Şeýle-de bolsa, neýroulgam ýasama resminamalary taýýarlaýan kezzaplar üçin täze mümkinçilikler açýar. «Biz köpçüligiň habardarlygyny ýokarlandyrmaly we galplyklara garşy göreşmek üçin gurallary işläp düzmeli. Bu wirus üçin antiwirus döredilen ýalydyr» diýip, MBZUAI-iň kompýuter görüşi kafedrasynyň dosenti Hişam Çolakkal aýtdy.
Aladalara garamazdan, alymlar bu taslamany ykjam goşundyda ulanmagy meýilleşdirýärler, ýöne entek edilmeli işler kän. Emeli aň doly iňlis dilinde we biraz fransuz dilinde ýazyp bilýär. Hünärmenler häzirki wagtda neýroulgama arap dilini öwretmegiň üstünde işleýärler.
Alymlar ýazmakdan başga-da, emeli aňyň sowatlylygynyň üstünde işlemeli bolarlar. Barlagyň görkezişi ýaly, şu wagta çenli iň gowy emeli aň modelleri hem tekstdäki ýalňyşlyklary tapyp bilmeýär.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......