Türkmen alymlary Magtymgulynyň mirasyny öwrenmek üçin Hindistanda gulluk iş saparynda bolar

  • 21.01.2024 00:14
  • 14k+

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň hünärmenleri Magtymguly Pyragynyň döwri, ömri we döredijilik ýoly barada täze taryhy maglumatlary gözlemek üçin Hindistanda gulluk iş saparynda bolarlar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berdi.

21-nji ýanwardan 9-njy fewral aralygynda Institutyň bölüm müdiri Geldimyrat Muhammedow we ylmy işgär Annaoraz Nurmuhammedow ozal belli bolmadyk we ylmy gymmatlygy bolan çeşmeleri ýüze çykarmak, şeýle hem olaryň ýokary hilli reňkli elektron nusgalaryny almak üçin Hindistanda muzeý, kitap hem-de golýazma gorlaryny öwrenerler.
Hususan-da, alymlar Nýu-Delidäki Hindistanyň Milli muzeýiniň, Rampurdaky Raza kitaphanasynyň, Bangiýa Sahitýa Parişat edebiýat jemgyýetiniň we Kalkutta şäherindäki Aziýa jemgyýetiniň gorlaryny öwrenerler.
Bu gulluk iş sapary türkmen halkynyň görnükli şahsyýetleri, taryhy we medeni mirasy barada golýazmalaryň nusgalaryny, gymmatly maglumatlaryň beýleki çeşmelerini gözlemek hem-de Türkmenistana getirmek boýunça türkmen alymlarynyň Hindistana dördünji ylmy wezipesi bolar. On ýyl mundan öň, ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllyk ýubileýiniň bellenilýän günlerinde türkmen hünärmenleri tarapyndan gymmatly taryhy çeşmeleriň ýüze golaý nusgasy getirildi.


düýn 23:12
2.6k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

19.06.2026 10:10
3.4k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

18.06.2026 22:08
3k+

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......