Dünýäniň IT bazarynyň göwrümi 2024-nji ýylda 5 trillion dollara ýeter. Ösüş AI-niň ornaşdyrylmagynyň hasabyna güýçlendiriler

  • 20.01.2024 18:20
  • 3.8k+

Geçen ýyl dünýäniň IT bazaryndaky çykdajylar, öňküsi ýyl bilen deňeşdirilende, takmynan 3,3 göterim ýokarlap, 4,68 trillion dollara ýetdi. Servernews-iň habar bermegine görä, 2024-nji ýylda pudagyň ösüş depgini ýokarlamagyny dowam etdirer, muňa emeli aňyň giňden ornaşdyrylmagy täsirini ýetirmeli diýip, Gartner-iň çaklamasynda aýdylýar.

Seljerijiler maglumat merkezleri, elektron enjamlary, kärhana derejeli programma üpjünçiligi, IT hyzmatlary we telekommunikasiýa hyzmatlary ýaly segmentleri hasaplaýarlar.
Gartneriň çaklamalaryna görä, bu kategoriýalaryň hemmesi 2024-nji ýylda ösüşi görkezer. Şeýlelik bilen, telekommunikasiýa hyzmatlary ýylda 2,3% ösüş görkezip, 1,47 trillion dollar girdeji getirer. IT hyzmatlary 1,50 trillion dollar girdeji gazanar, ösüş - 8,7% bolar. Kärhana programma üpjünçiligi, takmynan, 12,7% ösüp, 1,03 trillion dollar bolar. Maglumat merkezleri çykdajylaryň 7,5% ýokarlanandygyny görkezip, 261,33 milliard dollar girdeji getirer. Elektron enjamlar pudagynda ösüş 4,6% - 732,29 milliard dollara garaşylýar. Şeýlelik bilen, 2024-nji ýylda dünýä IT bazarynyň göwrümi 5 trillion dollara ýeter.


31.05.2026 18:06
2.2k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......

20.05.2026 15:31
1k+

Intel Formula-1-de McLaren-yň hasaplaýyş serişdeleri boýunça hyzmatdaşy boldy

Intel korporasiýasy we McLaren Racing topary strategik hyzmatdaşlygyň başlanýandygyny yglan etdiler, onuň çäginde amerikan kompaniýasy Formula-1 toparynyň hasaplaýyş hyzmatdaşy bolar....

15.05.2026 10:46
1.8k+

Alibabanyň peýdasy 84% peselse-de,emeli aňa goýlan maýa goýumlaryň miweleri «düwüp» başlady

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi Alibaba geçen ýyl bilen deňeşdireniňde, kompaniýanyň arassa peýdasynyň 84% aşak düşüp, 5,1 milliard ýuana (750,9 million dollar) çenli azalandygyny mälim etdi. Emma muňa garamazdan,......

11.05.2026 18:18
1.2k+

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......