Türkmenistanda Abu Seýit Abul Haýryň döredijiligine bagyşlanan ylmy forum geçirildi

  • 20.01.2024 17:50
  • 3.1k+

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda halk arasynda Mäne baba ady bilen tanalýan Abu Seýit Abul Haýryň köpugurly baý mirasyny wagyz etmäge gönükdirilen ylmy maslahat geçirildi.

Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde geçirilen maslahata ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň we ugurdaş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň we Eýranyň ylmy işgärleri gatnaşdylar. Bu ýerde alym Abu Seýit Abul Haýra bagyşlanan sergi ýaýbaňlandyryldy.
Maslahatda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani çykyş edip, ikitaraplaýyn ynsanperwer dialogy işjeňleşdirmekde, Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky däp bolan dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda bu forumyň ähmiýetini belledi.

Soňra maslahatda çykyş eden hünärmenler beýik nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň Mäne babanyň döredijiligini öwrenip, ony Omar Haýýam, Hemedany, Nyzamy, Rumy we Gündogaryň beýleki meşhur şahyrlary bilen deň derejede ýatlandygyny bellediler. Şeýle hem aramgähiň, onuň içinde ýüze çykarylan arheologik tapyndylaryň taryhy-medeni ähmiýeti hem-de alym Abu Seýidiň döredijiligini öwrenmekdäki peýdasy barada gürrüň edildi.
Eýranly alymlar öz çykyşlarynda Mäne baba ýaly meşhur şahsyýetleriň bitiren görnükli hyzmatlaryny halkara derejesinde ebedileşdirmegiň meseleleri barada aýratyn durup geçdiler.

Ikinji gün ylmy maslahat öz işini Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda dowam etdi. Hünärmenleriň çykyşlarynda Mäne babanyň ylym öwrenen halypalary barada bellenilip geçildi. Şeýle hem çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda türkmen halkynyň gaýtalanmajak taryhy-medeni mirasyny we nesilden-nesle geçip gelýän özboluşly milli däplerini gorap saklamagyň hem-de içgin öwrenmegiň möhümdigi bellenilip geçildi. Şeýle hem maslahata gatnaşyjylar Mäne babanyň kümmetine baryp gördüler.


şu gün 00:03
669

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

düýn 12:00
3.4k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......