Huawei HarmonyOS Next operasion ulgamyny tanyşdyrdy. Ol Android programmalarynyň işlemegini goldamaýar

  • 20.01.2024 15:09
  • 4.9k+

Işläp düzüjiler üçin geçirilen tanyşdyryş dabarasynda Huawei kompaniýasy Android programmalarynyň işlemegini goldamaýan HarmonyOS Next operasiýa ulgamyny hödürledi. IXBT.com-yň habaryna görä, hytaý ägirdi öz ýoly bilen gidip, Google Android we Apple iOS bilen güýçli bäsdeşlige girmek kararyna geldi.

Täze platformanyň täjirçilik taýdan işe girizilmegi 2024-nji ýylyň dördünji çärýegine meýilleşdirilýär.
Diňe ykjam programma üpjünçiligini ösdürmek hytaý ägirdi üçin ýeterlik däl – ol tutuş ekoulgamy gurmagy maksat edinýär. HarmonyOS Next programma dükanynda eýýäm 200-e golaý programma bar, ýöne ýylyň ahyryna çenli kompaniýa olaryň sanyny 5 müňe, geljekde bolsa olaryň sanyny 500 müňe çenli köpeltmegi meýilleşdirýär. Munuň üçin kompaniýa döredijiler bilen hyzmatdaşlyk edýär, SDK, resminamalar we okuw materiallaryny çykarýar. Gürrüň düýbünden täze tehnologiýa jemgyýetini döretmek barada gidýär.
Huawei bu işe ep-esli maýa goýýar: kompaniýa, öz programmalaryny döretmekden başlap, ösüş gurallaryna çenli innowasiýany höweslendirmek üçin 7 milliard ýuan (970 million dollar) bölüp berdi. Kompaniýa diňe bir geljegi uly tehnologiýalara däl, eýsem 300-den gowrak bilim edaralary bilen hyzmatdaşlygyň üsti bilen işläp düzüjileriň täze neslini ösdürip ýetişdirmäge hem maýa goýýar.


02.03.2026 14:22
2.5k+

Huawei meşhur Mate 80 Pro modelini 1300 ýewro bahasy bilen dünýä bazaryna çykardy

Huawei kompaniýasy halkara bazary üçin Mate 80 Pro flagman smartfonyny tanyşdyrdy. Bu waka 2022-nji ýyldaky Mate 50 Pro modelinden bäri bu seriýanyň dünýä derejesindäki ilkinji uly hödürlenilişi boldy. Smartfonyň 16 GB operatiw we 512 GB içerki ýat (fleş-ýat) bilen üpjün edilen görnüşine 1300 ýewro baha kesildi...

06.02.2026 14:14
822

Apple bilen Lenovo-nyň yhlasy bilen planşet bazary geçen ýyl tas 10% ulaldy

Omdia seljeriji kompaniýasynyň hasabatyna görä, 2025-nji ýylda dünýäniň planşetler bazary durgunlykdan soň gaýtadan dikeldi. Iberilen önümleriň möçberi 9,8% ösüp, 162 million gurluşa ýetdi we bu 2020-nji ýyldan bäri iň ýokary görkeziji diýmekdir...

24.10.2025 09:49
2.9k+

Huawei üýtgeşik dizaýn bilen router hödürledi

Huawei kompaniýasy Weibo sosial ulgamynda öz täze Huawei Router X3 Pro routeriniň suraty bilen paýlaşdy. Onuň tanyşdyrylyşy noýabrda bolar. Gizmochina-nyň belleýşi ýaly, gurluş adaty tor gajeti däl-de, has dogrusy, interýer elementi ýaly görünýär...

18.01.2025 17:12
4k+

Huawei elektrikli ulaglaryň zarýad stansiýalaryna robot gol ornaşdyrar, ol zarýad kabelini özbaşdak baglar

Huawei kompaniýasy elektrikli awtoulaglary zarýada goýmagy aňsatlaşdyrmak üçin täze robot goly hödürledi. Zarýad kabelini ulagyň zarýad nokadyna özbaşdak baglap bilýän robot gol şu ýylyň ikinji çärýeginde ähli...