Huawei täze, has ygtybarly we çydamly batareýa görnüşini oýlap tapdy

  • 11.11.2024 16:09
  • 3.7k+

Huawei batareýanyň ömrüni, howpsuzlygyny we öndürijiligini ýokarlandyrjak täze gaty elektrolit batareýasyny işläp düzdi. Bu tehnologiýa batareýalarda esasy meseleleriň biri bolan suwuk elektrolitleriň bozulmagynyň çözgüdi bolar diýip, Gizmochina ýazýar.

Huawei-iň patentine görä, suwuk elektrolitleriň gaty materiallara çalşylmagy batareýanyň durnuklylygyny we ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga kömek edýär.
Täze tehnologiýanyň esasy aýratynlygy sulfid gaty elektrolitiniň ulanylmagydyr. Onda ýokary energiýa dykyzlygy bar. Bu elektrolit çalt zarýad berişi goldap, pes temperaturalarda oňaýly netijeleri görkezýär. Şeýlelikde batareýa aşa gyzmaklykdan has gowy goralýar we onuň öz-özünden ýanmak howpy peselýär.
Huawei-iň bu taslamasy diňe bir enjamlarda däl, eýsem elektromobillerde we energiýa saklaýyş ulgamlarynda hem ulanylyp bilner.
Täze tehnologiýa elektromobil pudagynyň we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ösüşini ep-esli çaltlaşdyryp biler.


02.03.2026 14:22
2.5k+

Huawei meşhur Mate 80 Pro modelini 1300 ýewro bahasy bilen dünýä bazaryna çykardy

Huawei kompaniýasy halkara bazary üçin Mate 80 Pro flagman smartfonyny tanyşdyrdy. Bu waka 2022-nji ýyldaky Mate 50 Pro modelinden bäri bu seriýanyň dünýä derejesindäki ilkinji uly hödürlenilişi boldy. Smartfonyň 16 GB operatiw we 512 GB içerki ýat (fleş-ýat) bilen üpjün edilen görnüşine 1300 ýewro baha kesildi...

06.02.2026 14:14
857

Apple bilen Lenovo-nyň yhlasy bilen planşet bazary geçen ýyl tas 10% ulaldy

Omdia seljeriji kompaniýasynyň hasabatyna görä, 2025-nji ýylda dünýäniň planşetler bazary durgunlykdan soň gaýtadan dikeldi. Iberilen önümleriň möçberi 9,8% ösüp, 162 million gurluşa ýetdi we bu 2020-nji ýyldan bäri iň ýokary görkeziji diýmekdir...

24.10.2025 09:49
2.9k+

Huawei üýtgeşik dizaýn bilen router hödürledi

Huawei kompaniýasy Weibo sosial ulgamynda öz täze Huawei Router X3 Pro routeriniň suraty bilen paýlaşdy. Onuň tanyşdyrylyşy noýabrda bolar. Gizmochina-nyň belleýşi ýaly, gurluş adaty tor gajeti däl-de, has dogrusy, interýer elementi ýaly görünýär...

18.01.2025 17:12
4k+

Huawei elektrikli ulaglaryň zarýad stansiýalaryna robot gol ornaşdyrar, ol zarýad kabelini özbaşdak baglar

Huawei kompaniýasy elektrikli awtoulaglary zarýada goýmagy aňsatlaşdyrmak üçin täze robot goly hödürledi. Zarýad kabelini ulagyň zarýad nokadyna özbaşdak baglap bilýän robot gol şu ýylyň ikinji çärýeginde ähli...