Apple Aždarhanyň ýyly mynasybetli haşamlanan AirPods Pro nauşniklerini çykardy

  • 19.01.2024 21:27
  • 6.7k+

“Hytaý Täze ýyly” diýlip hem atlandyrylýan, Aý senenamasy boýunça ýetip gelýän Täze ýyl bilen baglylykda amerikan kompaniýasy Apple Aždarhanyň ýyly mynasybetli haşamlanan ikinji nesil AirPods Pro nauşnikleriniň çäkli seriýasyny çykardy. Original gutuly enjam kompaniýanyň saýtynda görkezilýär diýip, rbclife.ru habar berýär.

MacRumors neşiriniň ýazmagyna görä, özboluşly AirPods Pro nauşnikleri Hytaýda, Gonkongda, Singapurda, Wýetnamda we Makaoda, şeýle-de Gök Aždarhanyň ýylyny belleýän Günorta Koreýada Apple-iň onlaýn dükanlarynda elýeterlidir. AirPods Pro USB-C zarýad berijisi üçin daşlykda haşamlanan aždarha eýe boldy, olaryň ýerleşdirilen gutusynda bolsa gyzyl aždarha şekillendirilen. Galan ýagdaýlarda bu nauşnikler hem funksiýa, hem baha taýdan adaty wersiýalardan tapawutlanmaýar.
Mundan başga-da, Apple Hytaý Täze ýyly mynasybetli öz aksessuarlarynyň başga görnüşlerini-de hödürledi. Mysal üçin, onlaýn dükanda iPhone 15 Pro üçin gyzyl aždarhanyň şekili bolan OtterBox Lumen Series daşlygyny görmek bolýar. 


20.02.2026 11:20
1.8k+

Kameraly äýnekler, akylly tumarlar we täze AirPods: Apple-yň geljekki meýilnamalary

Bloomberg agentliginiň synçysy Mark Gurman Apple kompaniýasynyň emeli aň goldawy bolan täze dakynylýan enjamlaryň üstünde işleýändigini habar berdi. Kompaniýa Siri ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmek üçin ähli täze enjamlary kameralar bilen enjamlaşdyrmagy meýilleşdirýär...

20.02.2026 10:14
303

Apple Music-de indi ýakyndaky konsertleri tapyp bolar

Apple kompaniýasy iOS 26.4 täzelenmesi bilen Apple Music hyzmatyna birnäçe möhüm funksiýalary goşýar. Bu täzelenmeler ulanyjylara söýgüli aýdymçylaryna has ýakyn bolmaga we emeli aňyň kömegi bilen täze sazlar dünýäsini açmaga mümkinçilik berer...

18.02.2026 09:48
1.3k+

Apple iOS 26.4-i hödürledi: Saz äleminde emeli aň we habarlaşmakda ýokary gorag

Apple işläp düzüjiler üçin iOS 26.4 operasion ulgamynyň ilkinji beta-wersiýasyny çykardy. Oňa multimedia, howpsuzlyk we aragatnaşyk ulgamlary üçin täze funksiýalar goşuldy. Ulanyjylar üçin ol resmi taýdan 2026-njy ýylyň ýazynda elýeterli bolar...

16.02.2026 09:50
1.5k+

Näçe sany iPhone iOS 26-a geçdi? Apple statistikasyny paýlaşdy

​Apple kompaniýasy iOS 26 operasion ulgamynyň ýaýradylmagy baradaky ilkinji resmi hasabatyny hödürledi. Maglumatlar App Store programmalary dükanyndaky ulanyjy işjeňligine esaslanýar we 2026-njy ýylyň 12-nji fewralyndaky ýagdaýy görkezýär...