Magtymguly Pyraga bagyşlanan döredijilik bäsleşigi yglan edildi

  • 18.01.2024 20:49
  • 6.8k+

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň we «Arkadagly ýaşlar» pudaklaýyn elektron žurnalynyň redaksiýasynyň Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň redaksiýasy bilen bilelikde yglan eden «Gelse Nowruz äleme, reň kylar jahan peýda» ýaşlar döredijilik bäsleşigine gatnaşmak isleýänler hasaba alnyp başlandy.

Bäsleşige ýokary we ýöriteleşdirilen orta okuw mekdepleriniň talyplary, ýurdumyzyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylary, şeýle hem döredijilik işlerine aýratyn gyzyklanýan dürli hünärli ýaşlar çagyrylýar.

Bäsleşik:

  • – Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ägirt uly tagallalary netijesinde ýurtda amala aşyrylýan Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny ebedileşdirmek boýunça giň gerimli işlere bagyşlanan ylmy, çeper-publisistik makalalar we oçerkler;
  •  – Magtymguly Pyragynyň döredijilik temalary, Milli bahar baýramy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy we ÝUNESKO;
  • – «Magtymguly Pyragynyň döredijiligine meniň garaýşym» temasyndan döredijilik işi;
  • – Magtymguly Pyragynyň döredijiligine ýurdumyzda berilýän uly üns we hormat, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şahyryň şahsyýetini ýaýmak, adyny şöhratlandyrmak ugrundaky ägirt uly hyzmatlaryna bagyşlanan goşgular, çeper oýlanmalar we hekaýalar ýaly dört ugurda geçirilýär.

Bäsleşigiň ýeňijileri we onda baýrakly orunlary eýelänler Hormat hatlary we çäräniň guramaçylarynyň gymmatly sowgatlary bilen sylaglanylar. Awtoryň iň gowy işleri «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň we onuň hepdelik «7/24.tm» elektron goşundysynyň, şeýle hem «Arkadagly ýaşlar» elektron žurnalynyň sahypalarynda çap ediler.
Bäsleşige gatnaşmak isleýänler taýýar döredijilik işlerini şu ýylyň 10-njy martyna çenli bäsleşigiň guramaçylaryna tabşyrmaly. 10-njy martdan 20-nji mart aralygynda awtorlaryň eserlerine eminler tarapyndan baha berler, şeýle hem bäsleşigiň jemi jemlener.
Bäsleşik barada jikme-jik maglumat Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň resmi saýtynyň bäsleşikler bölüminde ýerleşdirilendir.
Guramaçylar bilen 22-81-38;
turkmenistansport@sanly.tm – «Türkmenistan Sport» žurnalynyň redaksiýasynyň we 44-88-55;
arkadaglyyashlar@gmail.com – «Arkadagly ýaşlar» žurnalynyň redaksiýasynyň salgylarynda habarlaşyp bilersiňiz.


19.06.2026 10:10
3.4k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

18.06.2026 09:53
2k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:24
7.1k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......