Dört ýaşly gyzjagaz Ewereste çykyp, dünýä rekordyny täzeledi

  • 18.01.2024 16:22
  • 17k+

Çehiýadan Zara atly gyzjagaz Ewerestiň esasy lagerine çykyp, dünýä rekordyny täzeledi. Bu barada BNN Breaking neşirine salgylanyp, lenta.ru habar berýär.

Dört ýaşly Zara Ewerestiň 5,3 km belentligine çykmagy başaran iň ýaş gyzjagaz boldy. Onuň ýanynda kakasy Dawid Şifra we ýedi ýaşly erkek dogany Saşa bardy. Dawid ýöriş wagty çagalaryň saglygyna gözegçilik etdi.

“Belentlige çykyş wagty hiç hili kynçylyk döremedi. Akklimatizasiýa ýokary derejede boldy. Kiçijik Zara bolsa örän gowy fiziki formasy sebäpli ýörişiň beýleki ýüzlerçe gatnaşyjysynyň ählisinden diýen ýaly öňe geçdi” – diýip, gyzjagazyň kakasy gürrüň berýär.

Zara Malaýziýanyň oba ýerinde ulaldy. Çagalykdan gyzjagazyň ene-atasy onuň organizmini temperaturanyň üýtgemegine we dowamly fiziki işjeňlige öwrenişdirdi. Şeýlelikde, gyzjagaz çagalykdan buzly suwa düşüp, her gün 5-10 kilometr geçýärdi. 2023-nji ýylda ol jeňňelligiň içi bilen jemi 2,2 müň kilometr geçdi. Terbiýäniň adaty bolmadyk usullary netijesinde, ol çydamly we sagdyn bedenli boldy, şonuň üçin gyzjagaz sowuk howa we agyr fiziki işjeňlige aňsatlyk bilen çydap bilýär.


28.06.2026 00:07
5k+

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

24.06.2026 09:29
4.2k+

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......

18.06.2026 22:32
4.8k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.4k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......