Geýtsiň gaznasy pes girdejili ýurtlarda durmuşy gowulandyrmak üçin 8,6 milliard dollar bölüp berer

  • 17.01.2024 16:31
  • 21k+

Bill we Melinda Geýtsleriň gaznasy Covid-19 pandemiýasyndan soňra dörän global krizis we köpçülikleýin işden çykarylmalar sebäpli 2024-nji ýylda az girdejili ýurtlarda ýaşaýan adamlaryň ýaşaýyş derejesini gowulandyrmak üçin rekord derejede 8,6 milliard dollar sarp eder diýip, gaznanyň metbugat gullugy habar berýär.

Habara görä, maliýeleşdirmegiň ýokarlanmagy 2030-njy ýyla çenli millionlarça adamyň ömrüni halas edip biljek saglygy goraýyş ulgamyndaky innowasiýalara gönükdirilen goldawy öz içine alýar. Gaznanyň dolandyryş ulgamy tarapyndan ylalaşylan 2024-nji ýylyň býudjeti geçen ýyl bilen deňeşdirilende 4%, 2021-nji ýyldakydan bolsa 2 milliard dollar köpdür.
Gaznanyň beýannamasynda global saglygy goraýyş býudjetleriniň azalýandygy we iň pes girdejili ýurtlarda saglygy goraýyş ulgamyna goşantlaryň haýallaýandygy aýdylýar.
Şweýsariýanyň Dawos şäherinde geçiriljek Bütindünýä ykdysady forumynda Geýts we gaznanyň beýleki ýolbaşçylary içinde plastyrlar, waksinalar, emeli aň goldawly ultrases enjamlary bolan we millionlarça adamyň ömrüni halas edip biljek ýönekeý saglyk önümlerini görkezýän torbalary götermegi meýilleşdirýärler.


25.09.2025 13:55
3k+

Bill Geýts howply keseller bilen göreşe $912 mln gönükdirer

Bill we Melinda Geýtsiň haýyr-sahawat gaznasy AIDS, inçekesel we gyzzyrma bilen göreş boýunça Global gazna (The Global Fund) 912 mln dollar gönükdirer. Bu barada Bill Geýts öz çykyşynda aýtdy we ABŞ-ny hem daşary ýurt kömek maksatnamalary üçin çykdajylary azaltmak baradaky çözgüde täzeden garamaga çagyrdy...

31.05.2022 20:28
8.6k+

Dünýäniň iň baý adamlary ýylyň başyndan bäri 115 milliard dollar ýitgi çekdiler

Tesla-nyň we SpaceX-iň eýesi Ilon Mask, Amazon-y esaslandyryjy Jeff Bezos we Microsoft-y dörediji Bill Geýts ýaly dünýäniň iň baý adamlary 2022-nji ýylyň başyndan bäri 115 milliard dollar ýitirdiler. Şunuň ýaly...

düýn 18:53
15k+

Türkmenistanyň kenar gulluklary Hazarda betbagtçylyga uçran eýran ýük gämisindäki adamlaryň dadyna ýetişdi

14-nji ýanwarda Türkmenistanyň Hazar deňzindäki kenar gulluklary betbagtçylyga uçran Rona atly eýran ýük gämisindäki 14 adamyň ählisini halas etdiler. Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, betbagtçylyga uçran gämi SOS signalyny beripdir...

düýn 18:17
9.4k+

Haýsy ýurtlarda pensiýa berilmeýär we onuň ýerini näme tutýar?

Dünýäniň köp ýurtlarynda bize tanyş bolan, döwlet tarapyndan bellenilýän ýaş boýunça pensiýa kömegi hereket etmeýär. Munuň ýerine, olar ätiýaçlandyryşa esaslanýan we maliýeleşdirilýän görnüşleri ulanýarlar. Munda töleglere hukuk gönüden-göni işlän döwrüniň we degişli maksat üçin çykarylan çykdajylaryň möçberine baglydyr...