2023-nji ýylyň iň gowy film taslamalary mälim edildi

  • 17.01.2024 16:29
  • 12k+

«Oppengeýmer» terjimehal filmi 2023-nji ýylyň iň gowy taslamasy boldy. «Rotten Tomatoes» kinoreýting agregatorynyň web sahypasynda getirilen maglumatlar muny subut edýär diýip, lenta.ru habar berýär.

Iň gowy filmleriň sanawynda «Missiýany ýerine ýetirmek mümkin däl: Öldüriji hasaplaşyk. Birinji bölüm» filmi hem bar, ol sanawda ikinji orny eýeledi. Martin Skorsezeniň «Gül Aýynyň ganhorlary» filmi sanawda üçünji orunda ýerleşdi.
«Mirasdüşerler» bolsa «Seriallar» ugry boýunça ýylyň iň gowy taslamasy boldy. 2023-nji ýylyň iň gowy täze teleserialy «The Last of Us» («Soňky galanlarymyz») boldy.
Şeýle hem «Oppengeýmer» film taryhyndaky iň köp girdeji gazanan terjimehal filmi boldy. Film dünýäde 912 million dollar girdeji gazanyp, «Queen» rok-toparynyň aýdymçysy Freddi Merkýuri hakyndaky «Bogema rapsodiýasy» filminiň  ozalky rekordyny täzeledi. «Oskar» baýragyna mynasyp bolan bu film 2018-nji ýylda 902 million dollar girdeji gazanypdy.

şu gün 20:25
86

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

şu gün 20:19
230

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

şu gün 19:55
549

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

şu gün 16:49
1k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......