Türkmenistanyň Buharestdäki ilçihanasy Rumyniýada okaýan talyplaryň arasynda bäsleşik yglan etdi

  • 16.01.2024 16:26
  • 7.2k+

Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy Magtymguly Pyragynyň portretini çekmek boýunça döredijilik bäsleşigini yglan etdi. Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlaryň arasynda geçirilýän bu bäsleşik Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanýar diýip, ilçihananyň Metbugat gullugy habar berýär.

Portret eserleri “A3” möçberli kagyzyň ýüzüne akwarel, galam we guaş usullarynda çekilmelidir. Surat eseriniň ýüzünde suraty çekeniň şahsy maglumatlary, okaýan ýeri görkezilmelidir.
Diplomatik wekilhananyň habar bermegine görä, surat eserlerine baha berlende onuň çeperçiligine, bezelişine we saýlanyp alnan ugruna aýratyn üns berler. Hödürlenilýän eserler Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasynda 23-nji fewrala çenli kabul ediler. Onuň ýeňijileri bolsa, 2-nji martda yglan ediler. Iň gowy eserler ilçihana tarapyndan guralýan sergilerde hem görkeziler.


düýn 00:03
3k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

27.06.2026 19:31
1.8k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......