Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Türkmenistana geler

  • 16.01.2024 15:30
  • 5k+

17-nji ýanwarda Ýewropa Komissiýaysnyň wise-prezidenti Margaritis Shinasyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Merkezi Aziýa döwletlerine resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistana geler. Bu barada ÝB-niň Türkmenistandaky wekilihanasy habar berýär.

Bu sapar “Ýewropa-Merkezi Aziýa” maýadalaryň forumynyň öňüsyrasynda amala aşyrylýar we Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýa sebitiniň hyzmatdaşlygynyň ösýändiginiň alamaty bolup durýar.
Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Shinasyň saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kabul edilmegine garaşylýar.
Şeýle hem ol Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşar.

"Men Merkezi Aziýanyň 5 ýurduna saparyma başlaýaryn. Bu sapar şu ýylyň 29-30-njy ýanwarynda Brýusselde geçiriljek “Ýewropa-Merkezi Aziýa” maýadarlar forumynyň öňüsyrasynda geçirilýär we ÝB bilen sebitiň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň ösýändigini görkezýär" – diýip, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti özüniň jemgyýetçilik torunda habar berdi.


düýn 16:07
1.9k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.4k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....