Türkmenistanyň DIM-inde durmuş hyzmatlarynyň ulgamyny kämilleşdirmek meseleleri maslahatlaşyldy

  • 16.01.2024 15:24
  • 3.7k+

15-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “Türkmenistanda 2024-2028-nji ýyllarda durmuş hyzmatlar ulgamyny kämilleşdirmegiň Milli maksatnamasynyň” taslamasyny maslahatlaşmak boýunça duşuşyk geçirildi. Çärä ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, şeýle-de Türkmenistanda işleýän BMG-niň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de işgärleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda taraplar ilaty durmuş taýdan goramagyň ulgamyny mundan beýläkde kämilleşdirmek we durmuş hyzmatlaryny ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn çäreleri görmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M. Bäşimowa orta we uzak möhletleýin häsiýetli milli maksatnamalary işläp taýýarlamakda ýurdumyzyň BMG bilen köp ýyllyk hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belledi.
Hususan-da, M. Bäşimowa işlenip taýýarlanylýan maksatnamanyň durmuş meselelerine aýratyn ünsi çekip, Türkmenistanyň hökümeti bilen BMG-niň arasynda 2019-njy ýylyň 16-njy dekabrynda gol çekilen “Milli derejede inklýuziw durmuş hyzmatlaryny ornaşdyrmagyň hasabyna durmuş goraglylygyny kämilleşdirmek” baradaky bilelikdäki maksatnamanyň ähmiýetiniň uludygy barada nygtady.
Şeýle-de, duşuşykda degişli maksatnamanyň işlenilip taýýarlanylmagynda Durnukly ösüşiň maksatlarynyň we onuň  esasy görkezijileriniň ornaşdyrylmagyna uly üns berilmelidigi barada bellenildi.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen BMG-niň durmuş syýasaty baradaky hyzmatdaşlygynyň geljekki mümkinçiliklerine hem aýratyn ähmiýet berildi diýip, türkmen daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.


düýn 19:38
5k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.8k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......