Lexus täze krossowerini tanyşdyrdy. Ony diňe bije çekişlik arkaly satyn alyp bolar

  • 16.01.2024 13:47
  • 21k+

«Lexus» Ýaponiýada geçirilen sergide «RZ 450e» elektrik krossoweriniň sport görnüşini tanyşdyrdy. «F Sport Performance» atly awtoulagy satyn almak hukugy bije çekişlik arkaly kesgitlener; täze ulagyň bary-ýogy 100 nusgasy çykarylar. Bije çekişlige gatnaşmak üçin ýüztutmalar «Lexus» kompaniýasynyň Ýaponiýanyň hemme ýerinde ýerleşýän dilerlerinde kabul ediler.

Awtoulag bir ýyl öň görkezilen konsept ulagyň önümçilik görnüşidir. Ol elektrik awtoulagynyň asyl nusgasyndan özboluşly karbon kapoty, tekerleriň aerodinamiki elementleri bolan arka bezegleri, şeýle hem 21 dýuýmlyk teker diskleri bilen tapawutlanýar.
«RZ 450e F Sport Performance» ulagynyň salony gök reňkli kontrast tikin zolaklary bilen zamşa materialyndan taýýarlanypdyr. Awtoulagyň hereketlendirijisi krossoweriň adaty nusgasyndaky bilen deňdir: ony iki sany elektrik motory herekete getirýär. Öňdäki okda kuwwaty 204 at güýji bolan hereketlendiriji, yzky okda bolsa kuwwaty 109 at güýji bolan hereketlendiriji ýerleşdirilipdir.


düýn 01:38
5.9k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

07.06.2026 19:49
3.1k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......