Bloomberg: Tesla 2024-nji ýylyň başyndan bäri 95 milliard dollar töweregi bazar bahasyny ýitirdi

  • 16.01.2024 14:02
  • 5.5k+

Tesla 2010-njy ýylda kompaniýa IPO (birža çykaly bäri) çykaly bäri iň uly çökgünlige duçar boldy. 2024-nji ýylyň başyndan bäri 94 milliard dollardan gowrak bazar bahasyny ýitirdi diýip, Bloomberg-e salgylanýan , IXBT.com habar berýär.

Paýlaryň pese düşmegi Hertz Global Holdings Inc. kompaniýasynyň Tesla elektrik ulaglaryndan ýüz öwürmegi bilen baglanyşykly. Mundan başga-da, Hytaýda öndürilen elektrik ulaglarynyň bahasynyň arzanlamagy güýçli bäsdeşlik sebäpli pudakda “aşak gaçmak” gorkusyny diňe  güýçlendirýär.
Bu habar, esasanam, ABŞ-da elektrik ulaglaryna bolan islegiň haýallamagy bilen ýüze çykdy. Maýa goýujylar Teslanyň ösüşinde durgunlaşmagy bilen bagly alada alýarlar. Göterim nukdaýnazaryndan kompaniýanyň paýnamalary ýanwar aýynyň başyndan bäri 12% aşaklady, bu 2016-njy ýyldan bäri iň erbet görkeziji boldy. 2023-nji ýylyň başyndan bäri Teslanyň bahalarynyň beter arzanlamagy girdejiniň yzygiderli azalmagyna sebäp boldy, bu bolsa ýagdaýy hasam erbetleşdirýär. Tesla -nyň jemi girdejisi üçünji çärýekde 27,9 göterimden 16,3 göterime çenli azaldy. ABŞ-ly önümçilik işgärleriniň aýlyk hakynyň ýokarlanmagy öndürijini hasam kyn güne goýýar.
Bazar bahasynyň peselmegine we kynçylyklara garamazdan, Tesla benzinli elektrik ulaglaryndan elektrikli ulaglara global geçişde möhüm rol oýnamagyny dowam etdirýär. Bu kompaniýanyň potensial bäsdeşlerinden öňe geçýändigi bilen baglanyşykly. Dördünji çärýekde Hytaýyň BYD-synyň satuw mukdary boýunça Tesla-dan öňe geçendigi owal habar berlipdi, ýöne BYD girdeji we düşewünt taýdan henizem yzda durýar. Mundan başga-da, BYD öz ulaglaryny ABŞ-da satmaýar, ol ýerde Tesla liderligini saklaýar.


31.01.2026 14:33
6.5k+

Ilon Maskyň üç kompaniýasynyň birleşmek mümkinçiligi maslahatlaşylýar

SpaceX kompaniýasy Ilon Maskyň beýleki kompaniýalary bolan xAI ýa-da Tesla bilen birleşmek mümkinçiligini maslahatlaşýar diýip, Reuters agentligi habar berýär. Gepleşikler şu ýyla meýilleşdirilen paýnamalaryň ilkinji gezek köpçülige hödürlenmegine (IPO) taýýarlyk görülýän wagty geçirilýär...

24.01.2026 09:42
1.3k+

Brand Finance 2026-njy ýylyň iň gymmatly 500 brendiniň sanawyny hödürledi

Apple ýene-de dünýäniň iň gymmat brendi boldy. Onuň bahasy 607,6 mlrd dollara ýetdi diýip, Brand Finance agentligi «Global 500 – 2026-njy ýylda dünýäniň iň gymmatly 500 brendi» hasabatynda habar berýär. Ikinji orunda 565,3 mlrd dollar baha bilen Microsoft, üçünji orunda 433,1 mlrd dollar bilen Google ýerleşdi...

08.01.2026 21:04
4.6k+

Tesla Cybercab-y elden gidirdi: bu haryt nyşanyna içgi öndürýän kompaniýa dalaş edýär

Tesla kompaniýasy Cybercab haryt nyşanyny geljekki sürüjisiz taksisi üçin hasaba almak synanyşygynda kanuny kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy. ABŞ-nyň Patent we haryt nyşanlary boýunça edarasy (USPTO) kompaniýanyň arzasyna seretmegini togtatdy...

21.12.2025 20:28
11k+

Trillionam uzakda däl: Ilon Maskyň baýlygy 5 günde ýene 100 mlrd dollardan gowrak artyp, 750 mlrd-a golaýlady

SpaceX we Tesla kompaniýalarynyň esaslandyryjysy Ilon Mask baýlygy taryhda 700 mlrd dollardan geçen ilkinji adam boldy. Forbes neşiriniň hasaplamalary boýunça, telekeçiniň umumy baýlygy iň ýokary derejesinde 749 mlrd dollara ýetdi...