Gwardiola FIFA tarapyndan ýylyň iň gowy tälimçisi boldy

  • 16.01.2024 09:00
  • 2.5k+

Halkara Futbol Federasiýasy 2023-nji ýylyň iň gowy tälimçisi üçin baýragyň eýesini yglan etdi. Ol “Mançester Sitiniň” ispaniýaly halypasy Hosep Gwardiola boldy. 

Ýatlap geçsek, geçen möwsümde 52 ýaşly hünärmen “Mançester Sitini” birbada üç ýaryşda ýeňşe getirdi – Çempionlar ligasynda, Angliýanyň Premýer-ligasynda we Angliýanyň Kubogynda.
Gwardiola bilen bir hatarda bu at ugrunda italiýaly tälimçiler Simone Indzagi we Luçano Spalletti bäsleşipdi. Geçen möwsümde Indzagi “Inter” bilen Italiýanyň Kubogyny gazandy we Milan toparyny Çempionlar ligasynyň finalyna çykardy. Öz gezeginde, Spalletti “Napoli” toparyna 33 ýylyň içinde ilkinji skudettony gazanmaga kömek etdi. Şondan soň 64 ýaşly hünärmen Italiýanyň milli ýygyndysyna ýolbaşçy boldy, onuň bilen Ýewro-2024-üň final bölegine çykdy.
Geçen ýyl iň gowy tälimçi Argentinanyň milli ýygyndysynyň halypasy Lionel Skaloni boldy, ol toparyny 2022-nji ýylyň dünýä çempionatynda ýeňşe getirdi.


düýn 20:28
8.4k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

düýn 14:48
10k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.3k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

19.06.2026 14:17
7.1k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....