Stambulyň gubernatory Arkadag şäheri bilen doganlaşan gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

  • 15.01.2024 18:23
  • 16k+

15-nji ýanwarda Stambulyň welaýat häkimliginiň binasynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsuly Muhammetnur Öwezow bilen Stambulyň gubernatory Dawut Gülüň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada TmCars-a Türkmenistanyň Türkiýedäki wekilhanasynyň Metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň şäherleriniň arasynda doganlaşan gatnaşyklary ýola goýmak, şol sanda Arkadag we Stambul şäherleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.
Bulardan başgada, söhbetdeşler Stambulda kowçum bolup ýaşaýan türkmenler bilen bilelikde geçiriljek dürli medeni çäreleri hem ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem taraplar söwda-ykdysady, bilim, medeni-ynsanperwer ugurlardaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda M.Öwezow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň täze «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitaby bilen tanyşdyrdy.
Şeýle hem duşuşykda Türkmenistanda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çäreleriň meýilnamasy babatda hem pikir alşyldy.


düýn 22:17
855

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3.2k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......