Daniýanyň täze Patyşasy Frederik X tagta çykdy

  • 15.01.2024 15:59
  • 9k+

Ýekşenbe güni Daniýanyň Şa zenany Margrete II uly ogly Frederigiň peýdasyna tagtdan el çekýändigi hakynda beýana gol çekdi. Onuň uly ogly Frederik X hökmünde patyşa bellenildi.

Şa zenanynyň tagtdan el çekmek dabarasy Kopengagende Döwlet Geňeşiniň – monarhyň ýolbaşçylygyndaky ministrleriň ýygnagynyň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirildi.
Daniýanyň Hökümetiniň ýolbaşçysy Mette Frederiksen ýekşenbe güni Kopengagendäki Kristianborg köşgüniň balkonyndan Daniýanyň täjiniň raýatlaryna patyşa Frederik X-nyň tagta çykýandygyny yglan etdi. Şeýle hem ol ilkinji gezek patyşa hökmünde köpçüligiň öňüne çykdy we ilkinji çykyşyny etdi.
Frederik Margreteniň uly ogludyr. Daniýanyň mirasdüşer şazadasy ady Frederigiň ogly Kristiana geçirildi.
Daniýanyň polisiýasynyň deslapky çaklamalaryna görä, Kopengagende häkimiýetiň geçirilmegi mynasybetli dabaralara 100 müňe golaý adam ýygnandy.
Täze patyşanyň hormatyna Daniýanyň paýtagtynyň gämi duralgasynda dört topdan üç gezek 27 top atyldy, agşam bolsa Kopengageniň «Tiwoli baglary» dynç alyş seýilgähinde feýerwerk şüweleňi guraldy.
Daniýanyň däbinde täç geýdirmek dabarasy ýokdur.
Daniýanyň monarhiýasy Ýewropada iň gadymy nesilşalykdyr, onuň taryhy X asyra çenli uzaýar. Häzirki wagtda Daniýada şa maşgalasynyň ýerine ýetirýän wezipeleri esasan dabaraly häsiýete eýedir.
Margrete II soňky 900 ýylda tagtdan el çeken Daniýanyň ilkinji monarhy boldy. Ondan öň, 1146-njy ýylda diňe Daniýanyň patyşasy Erik III Rehimli meýletin tagtdan el çekip, ybadathana goşuldy.
Şa zenany Margrete 1972-nji ýylyň 14-nji ýanwaryndan bäri Daniýanyň tagtyny eýeleýärdi. Ol kakasy patyşa Frederik IX ölenden soň tagta çykdy. Ol 2023-nji ýylyň 31-nji dekabrynda Täze ýyl mynasybetli çykyşynda tagtdan el çekmäge taýýardygyny mälim etdi.


09.11.2025 21:11
3.3k+

Daniýada 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan edýän kanun taýýarlanýar

Daniýanyň hökümeti 15 ýaşa ýetmedik çagalaryň sosial torlara girmegini gadagan edýän kanuny taýýarlap başlady. Reuters agentliginiň maglumatyna görä, täze düzgün güýje girse, ene-atalaryň özleri käbir platformalara rugsat berip bilerler...

04.07.2025 12:19
6.2k+

Daniýa dünýäde ilkinji bolup raýatlaryny dipfeýkden goramak üçin kanun kabul etdi

Daniýa raýatlaryny dipfeýk tehnologiýasyndan goramak üçin giň gerimli kanunçylygy kabul eden ilkinji ýurt boldy. Täze kabul edilen kanun raýatlara öz sesine, daşky görnüşine hem-de sanly keşbine bolan aýratyn hukugy berýär diýip, «TechSpot» habar berýär...

25.05.2025 10:48
6.5k+

Daniýada pensiýa ýaşy 70 ýaşa çenli ýokarlandyrylar

Daniýanyň parlamenti pensiýa ýaşyny tapgyrlaýyn ýokarlandyrmak meýilnamasyny tassyklady. 2040-njy ýyla çenli ol 70 ýaşa ýeter diýip, The Local Denmark portaly habar berýär. Çözgüt 1970-nji ýylyň 31-nji dekabryndan soň doglan raýatlara degişlidir...

07.04.2025 18:35
6.6k+

Daniýada dünýäde iň kuwwatly ýel generatory guruldy: kuwwaty 21,5 MWt

Ýakyn wagtda Siemens Gamesa kompaniýasy dünýädäki iň güýçli ýel turbinasynyň gurnama işlerini tamamlap, hytaýly öndürijilere garşy çynlakaý bäsdeşlik döretdi. Häzirki wagtda köp sanly ýewropaly kompaniýa, esasan...