Aşgabatda owgan harytlarynyň sergisi geçiriler

  • 15.01.2024 15:20
  • 7.2k+

Ýakyn wagtda Aşgabatda owgan harytlarynyň sergisi hem-de iki ýurduň telekeçileriniň arasynda işewür duşuşyklary geçiriler. Bu barada Owganystanyň Söwda we senagat ministrligi habar berýär.

Owganystanyň “Pajhwok” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň ilçisi Hoja Öwezow Owganystanyň söwda we senagat ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Noruddin Azizi bilen duşuşdy.
Duşuşygyň barşynda işewürlere şertleriň döredilmegi, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny giňeltmek üçin sergi we işewürler forumyny geçirmek babatda pikir alşyldy.
Owgan ministri ilçiniň ünsüni Owganystanyň eksport mümkinçiliklerine, hususan-da, oba hojalyk önümlerini daşary ýurt bazarlaryn ibermegiň mümkinçiliklerine çekdi.


düýn 16:07
2.1k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.6k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

22.05.2026 14:38
2.6k+

Daewoo E&C kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» forumynyň altyn hemaýatkäri boldy

Günorta Koreýanyň Daewoo Engineering & Construction kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» atly XXV halkara sergisine we maslahatyna altyn hemaýatkär hökmünde goşuldy....