Maýkl Jeksonyň baýopikiniň ilkinji görkezilişiniň senesi yglan edildi

  • 14.01.2024 22:13
  • 14k+

“Pop-sazyň şasy” Maýkl Jekson hakdaky “Maýkl” atly terjimehal film 22-nji ýanwarda surata düşürilip başlar, ýöne döredijiler köpden bäri garaşylýan filmiň goýberiljek senesini eýýäm yglan etdiler. Film.ru Deadline-na salgylanmak bilen, onuň ilkinji görkezilişiniň 2025-nji ýylyň 18-nji apreline meýilleşdirilendigini habar berýär.

Esasy keşbi aýdymçynyň ýegeni Jafar Jekson ýerine ýetirer, Antuan Fukua (“Türgenleşik güni”, “Beýik sazlaýjy”) bolsa  režissýorlyk eder. Edebi esasyň üstünde Jon Logan (“Awiator”) işledi. Film Lionsgate we Universal studiýalary tarapyndan paýlanar. Prodýuseri Grem King (“Bogem rapsodiýasy”).
Baýopikiň sýužeti Jeksonyň kemala gelişini, aýdym-saz karýerasyny, dawalary we kazyýet seljermelerini yzarlaýar.
Filmde aýdymçynyň esasy hitleri ýaňlanar.
Maýkl Jekson 2009-njy ýylda aradan çykdy.

şu gün 20:25
86

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

şu gün 20:19
230

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

şu gün 19:55
549

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

şu gün 16:49
1k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......