"Top Gan” filminiň trikweliniň üstünde işlenip başlandy

  • 14.01.2024 22:10
  • 5.9k+

Paramount studiýasy “Top Gun” filminiň üçünji bölüminiň önümçiligine başlady diýip, Film.ru Puck portalyna salgylanyp habar berýär.

Studiýanyň ýolbaşçylary trikwele aktýor we prodýuser Tom Kruzy hem-de režissýor Jozef Kosinskini yzyna getirmegi göz öňünde tutýarlar. Edebi esasyny “Mewerik” atly ikinji bölümiň awtorlarynyň biri Eren Krýuger ýazar.
Tom Kruzyň we Wal Kilmeriň baş keşpleri janlandyran “Top Gun” (“Ökde mergen” ady bilen hem belli) filmi 1986-njy ýylda çykdy. “Mewerik” ady bilen dowam etdirilen film 2022-nji ýylda kinoteatrlara çykyp, dünýä kassa ýygymynda 1,5 milliard dollar girdeji gazandy. Filmde Maýlz Teller, Jennifer Konnelli we Glen Pauell hem çykyş etdi.
Kruz öň Warner Bros bilen täze uzak möhletli şertnama baglaşypdy.

şu gün 20:25
86

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

şu gün 20:19
230

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

şu gün 19:55
549

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

şu gün 16:49
1k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......