Kazyýet Apple kompaniýasyny iPhone-yň işleýşini bilkastlaýyn haýalladandygy üçin ABŞ-daky ulanyjylara $500 mln tölemäge borçlandyrdy

  • 11.01.2024 19:14
  • 16k+

Apple amerikan kompaniýasy öz gurluşlarynyň işini bilkastlaýyn haýalladandygy üçin ABŞ-daky ulanyjylara kompensasiýa hökmünde 500 mln dollar tölär. Bu barada The Messenger portalyna salgylanyp, TASS habar berýär.

HBS ABŞ-nyň kazyýetiniň kupertinoly kompaniýany käbir iPhone modelleriniň işini bilkastlaýyn haýallatmakda aýyplaýan toparlaýyn şikaýat arzasyndan soň kompaniýany ulanyjylara kompensasiýa tölemäge mejbur etdi.
Prosesiň dowamynda Apple-iň birnäçe ýagdaýda smartfon öndürijiligini emeli usulda peseldendigi anyklanyldy. Kompaniýa munuň köneldigiçe akkumulýatorlaryň sygymynyň azalmagy bilen baglanyşyklydygyny aýtdy. Öndürijiniň şeýle usul bilen gurluşyň ulanylyş möhletini uzaltmak isländigi bellenilýär.
Şeýle ýagdaý Beýik Britaniýada hem gözden geçirilýär, bu ýerde telefon işiniň bilkastlaýyn haýalladylandygy we müşderileri ýalňyşdyrandygy üçin şikaýatçylar 1,6 mlrd funt sterling (takmynan, $2 mlrd) talap edýärler.


düýn 00:57
4.9k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

21.06.2026 21:09
1.2k+

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

19.06.2026 19:53
2.3k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....