Futbol boýunça Italiýanyň çempionatynda toparlaryň sany 20-den 18-e çenli azalyp biler

  • 11.01.2024 19:10
  • 5.3k+

Futbol boýunça Italiýanyň çempionatynda çykyş edýän toparlaryň sany 20-den 18-e çenli azalmagy mümkin diýip, RAI Nowosti «La Gazzetta dello Sport» neşirine salgylanyp habar berýär.

Neşir Seriýa A-daky öňdebaryjy futbol toparlarynyň özgertmeleriň geçirilmeginiň tarapdarydygyny belleýär. Çünki indiki ýyldan Çempionlar ligasynyň we Klublaryň arasynda dünýä çempionatynyň geçiriliş formatynyň üýtgemegi sebäpli oýunlaryň sany köpeler. Italiýanyň çempionatynyň beýleki klublary toparlaryň sanyny azaltmagyň telewideniýe hukuklarynyň bahasynyň pese düşmegine sebäp boljakdygyny öňe sürüp, üýtgeşmelere garşy çykýarlar.
14 klub özgertmeleri goldap ses berse, karar kabul ediler.


11.05.2026 22:47
7k+

Gurban Berdiýew «Turan Towuz» toparyny ýewrokubok ýaryşlaryna çykardy

Gurban Berdiýew ýewrokuboklara dolanýar. Türkmen tälimçisiniň ýolbaşçylyk edýän «Turan Towuz» topary häzirki möwsümde Azerbaýjanyň çempionatynyň netijeleri boýunça, iň bolmanda, üçünji orny özüne kepillendirdi......

11.05.2026 07:18
9.1k+

«Barselona» – çempion! Topar «Realy» utup, 29-njy gezek La Liganyň ýeňijisi boldy

Kataloniýanyň «Barselona» topary Madridiň «Realyny» utup, futbol boýunça Ispaniýanyň çempiony diýen ady möhletinden ir gazandy. «Kamp Nou» stadionynda geçirilen 35-nji tapgyryň duşuşygy 2:0 hasabynda katalon......

10.05.2026 18:36
4.6k+

«Galatasaraý» 26-njy gezek Türkiýäniň çempiony boldy

Stambulyň «Galatasaraý» topary futbol boýunça Türkiýäniň 26-njy gezek çempiony diýen ady aldy....

10.05.2026 12:29
4k+

FIFA futbol ýelmentgilerini çykarmak boýunça Panini bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyny bes edýär

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino 2030-njy ýylyň dünýä çempionatyndan soň Italiýanyň Panini kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň bes ediljekdigini yglan etdi. 2031-nji ýyldan başlap, FIFA-nyň howandarlygyndaky......