Kanadanyň kompaniýasy adamyň ýüzünden keselini kesgitläp bilýän "aýna" döretdi

  • 11.01.2024 18:39
  • 13k+

Kanadanyň lukmançylyk enjamlaryny öndürýän «NuraLogix» kompaniýasy «CES 2024» sergisinde adamyň ýüzüni, deriniň aşagyndaky käbir gan damarlaryny gözden geçirip, alnan maglumatlaryň esasynda onlarça keseliň alamatlaryny kesgitleýän «Anura MagicMirror» atly «jadyly aýnasyny» tanyşdyrdy.

«Anura MagicMirror» 21,5 dýuým ekrany bolan, kameralar we beýleki sensorlar bilen üpjün edilen stoly enjamydyr. Ol adamyň ýüzüni skanirläp, ilki bilen, gan aýlanyşyny seljerýär. Enjam ýüzüň damarlaryny anyklamak üçin patentlenen transdermal optiki şekillendiriş tehnologiýasyny ulanýar. Maşyn öwreniş algoritmleri 100-den gowrak saglyk parametrlerini seljermek üçin maglumatlary peýdalanýar.
«NuraLogix» kompaniýasynda «MagicMirror-yň» gan basyşy, bedeniň agram görkezijisi, ýürek urşunyň üýtgemegi hem-de ýygylygy, dem alyş tizligi we ýüzüň derisiniň ýaşy barada maglumat berip biljekdigini aýdýar. Şeýle hem enjam süýji keseliniň, ýürek-damar keselleriniň, insultyň, gipertoniýanyň, bagryň ýagly keseliniň we beýlekileri döremek howpuny bahalandyryp bilýär.
Şeýle hem enjam psihiki saglygy bahalandyryp, alada hem-de depressiýa alamatlaryny ýüze çykarýar.
Ýüzi skanirlemek işi bary-ýogy 30 sekunt dowam edýär. Netijede, ulanyjy potensial patologiýalar barada maglumat alýar.
Enjamyň önümçilige çykjak senesi we bahasy aýan edilmeýär. «Anura MagicMirror» hassahanalaryň garaşylýan otaglarynda we garrylar öýlerinde ulanylar diýlip çaklanylýar.


düýn 12:29
1.1k+

Suwasty robotlar suwuň astynda lazer şöhleleri arkaly zarýadlanylar

Amerikanyň NUBURU kompaniýasy we Italiýanyň SunCubes kompaniýasy lazerleriň kömegi bilen suwuň astynda simsiz energiýa geçiriji ulgamy işläp taýýarlap başladylar. Ol awtonom suwasty enjamlary, datçikleri we......

düýn 08:07
1.3k+

Visa öz töleg ulgamyny ChatGPT-ä çatdy

Visa öz töleg ulgamyny ChatGPT bilen utgaşdyrdy. Bu bolsa çat-bota ulanyjylaryň adyndan özbaşdak haryt saýlamaga we söwda amallaryny resmileşdirmäge mümkinçilik berer....

düýn 07:51
1.8k+

Insaýder Samsung-yň geljekki eplenýän smartfonlarynyň maketlerini görkezdi

«Ice Universe» insaýderi Samsung-yň geljekki «Galaxy Z Flip 8», «Galaxy Z Fold 8» we «Galaxy Z Fold 8 Ultra» eplenýän smartfonlarynyň maketleri şekillendirilen suraty çap etdi....

14.06.2026 11:23
3.5k+

Nothing-iň ýolbaşçysy smartfonlaryň gitdigiçe gymmatlajakdygyny aýtdy

Nothing tehnologiýa kompaniýasynyň baş direktory Karl Peý X sosial ulgamynda häzirki zaman smartfonlarynyň bahasynyň yzygiderli ýokarlanjakdygy hakda ýazgy paýlaşdy. Ol beýle ýagdaýyň esasy sebäbini ýat......