Amerikaly ýaşaýjy satyjynyň maslahatyny diňläp 2 mln dollaryň eýesi boldy

  • 11.01.2024 13:03
  • 26k+

ABŞ-nyň ýaşaýjysy satyjynyň maslahaty bilen utuşly bolup çykan lotereýa petegini satyn alyp, 2 mln dollaryň eýesi boldy. Bu barada Channel 6 habar berýär.

Şeýlelikde, azyk önümleri dükanyndaky satyjy Miçigan ştatynyň Gladston şäherinden 30 ýaşly aýala täze Cash Multiplier lotereýasynyň petegini satyn almagy teklip etdi. Onuň baş baýragy 2 mln dollara barabar. Aýal satyjyny diňläp, onuň maslahat beren petegini satyn aldy. Haçan-da ol öýüne gelende, kagyzdan gorag gatlagyny bozdy we ýeňiji bolandygyna birbada ynanmady. Ol bu şatlykly habar bilen paýlaşmak üçin kakasyna jaň etdi.

“Maňa bularyň ählisine ynanmak kyn düşdi. Men kakama jaň etdim welin, ol petegi barlamak üçin satyja alyp gitmelidigimi aýtdy. Haçan-da satyjy munuň utuşly petekdigini tassyklanda, men ýene kakama jaň edip, begençden ýaňa gygyryp başladym” – diýip, aýal aýdýar.

Aýal utuşy 1,3 mln möçberde bir wagtda töleg görnüşinde almagy makul bildi. Ol öz adyny bolsa aýan etmezlik kararyna geldi.
Lotereýa ýeňijisi alan pulunyň kömegi bilen toplanan bergileri üzmegi meýilleşdirýändigini, galan mukdary bolsa bir zada maýa goýmagy isleýändigini aýtdy.


25.06.2026 14:47
4.8k+

ABŞ-nda Nýu-Ýorky tupanlardan we suw joşgunlaryndan gorajak 10 kilometrlik taslama taýýarlanylýar

ABŞ-nyň Goşunynyň inženerler bölegi Nýu-Ýork şäherini güýçli şumal tolkunlaryndan we suw joşmalaryndan gorajak ägirt uly ulgamyň taslamasyny hödürledi. Bu taslamanyň esasy bölegi Rokhaweý ýarym adasy bilen......

22.06.2026 00:57
5.6k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.4k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....