AnTuTu: täze «Xiaomi 14 Pro» iň öndürijilikli Android smartfonlarynyň global reýtinginde şowsuzlyga uçrady

  • 12.01.2024 15:14
  • 6.5k+

Meşhur «AnTuTu» bençmarkynyň hünärmenleri halkara bazary üçin «Android» operasion ulgamynda işleýän iň öndürijilikli smartfonlaryň dekabr aýyndaky reýtingini hödürlediler.

Iň soňky reýting, şol sanda öňdebaryjy üçlük hem köp tarapdan üýtgedi. Noýabr aýynda bu sanawda «Qualcomm Snapdragon 8 Gen3» flagman platformasyna esaslanan täze «Xiaomi 14 Pro» birinji orunda durýardy, «Nubia Z50S Pro» we «Red Magic 8 Pro+» bolsa ikinji hem-de üçünji orunlary eýeläpdiler. Emma dekabr aýynyň ahyrynda bu enjamlaryň üçüsi hem ilkinji 10-luga-da girip bilmedi.
Indi birinji orny «Snapdragon 8 Gen3» bilen işleýän «iQOO 12» eýeleýär. Ikinji we üçünji orunlarda «Snapdragon 8 Gen2» bilen işleýän «Xiaomi 13» we «Samsung Galaxy S23 Ultra» ýerleşdi.
Şeýle hem ilkinji onluga «Samsung Galaxy S23+», «Nubia Z50», «Galaxy S23», «Xiaomi 13T Pro», «OnePlus 11», «Honor Magic5» we «Poco F5 Pro» girdi.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...