17 ýyl ozal «Apple» ilkinji «iPhone» smartfonyny tanyşdyrdy. Ol önümçilikde özgerişlik döretdi

  • 10.01.2024 17:51
  • 22k+

17 ýyl ozal, 2007-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda önümçilikde özgerişlik döreden we «Apple-i» dünýäniň iň baý kompaniýalarynyň birine öwüren ilkinji nesil «iPhone» smartfony tanyşdyryldy.

San-Fransisko şäherinde (Kaliforniýa ştaty) geçirilen «Macworld Conference & Expo» atly maslahatda «rewolýusion ykjam telefon» we «öňdebaryjy internet-kommunikatory» görkezildi. «Apple» kompaniýasynyň şol wagtky baş direktory Stiw Jobs çykyşyny «bu pursata iki ýarym ýyl bäri sabyrsyzlyk bilen garaşandygy» we indi «Apple-iň» «telefony täzeden oýlap tapmagy meýilleşdirýändigi» hakyndaky sözler bilen başlady.
Ilkinji «iPhone-yň» satuwy şol ýylyň iýun aýynyň ahyrynda ABŞ-da başlandy we uly tolgunma döretdi. Satuwa çykarylmagyndan birnäçe gün öň «Apple» dükanlarynyň öňünde uzyn nobatlar döredi we satuw başlanandan birnäçe sagatdan soň köp ýerlerde smartfonlar gutardy.
Enjama uly gyzyklanma bildirilmegine garaşan Kupertino şäherindäki kompaniýa adaty bolmadyk ädimleri ätmäge mejbur boldy. «Apple» esasy işinden boş wagtlarynda dükanlarda ogurlygynyň öňüni almak üçin goşmaça töleg töläp, polisiýa işgärlerini işe aldy. Bu ýagdaýda amerikalylar «PlayStation 3» çykandan soň köpçülikleýin ogurlyklara we hatda atyşyk bilen baglanyşykly bidüzgünçiliklere sezewar bolan Ýaponiýanyň «Sony» kompaniýasynyň tejribesini göz öňünde tutdular.
«Apple-iň» ilkinji telefony derrew meşhurlyk gazandy: satuw başlanandan birnäçe aýyň içinde «Apple» dünýäde takmynan 1,4 million enjam satdy. «Time» žurnaly ajaýyp dizaýny, ykjamlygy we interfeýsi üçin «iPhone-ny» «2007-nji ýylyň iň uly oýlap tapyşy» diýip atlandyrdy, şeýle hem munuň «Apple» kompaniýasynyň özi üçin hem, onuň bäsdeşleri üçin hem enjamlaryň indiki neslini mundan beýläk-de ösdürmäge güýçli itergi berjekdigini öňe sürdi.


düýn 16:33
1.9k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.1k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.1k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...