AeroRoutes: «Türkmenistan» awiakompaniýasy fewralda Jidda we Kuala-Lumpura gatnawlary açar

  • 10.01.2024 17:02
  • 16k+

“Türkmenistan” awiakompaniýasy 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde uçar gatnawlarynyň gerimini giňelder we awiakompaniýa Saud Arabystanynyň Jidda hem-de Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherlerine awiagatnawlara başlar. Kuala-Lumpur şäherine gatnawlar 15-nji fewralda, Jidda şäherine bolsa 16-njy fewralda başlanar.

“AeroRoutes” kompaniýasynyň saýtynyň maglumatyna görä, “Türkmenistan” awiakompaniýasy Jidda şäherine hepdede 3 gezek, Kuala-Lumpura bolsa, hepdede 2 gezek uçar gatnawlaryny ýerine ýetirer.

Aşgabat-Jidda, 2024-nji ýylyň 16-njy fewraly, hepdede 3 gezek, Boeing 777-200LR/-300ER

T5883 ASB0255 – 0455JED 77W 2
T5887 ASB0300 – 0510JED 77W 5
T5885 ASB1310 – 1510JED 77L 3

T5884 JED0655 – 1255ASB 77 Вт 2
T5888 JED0710 – 1310ASB 77 Вт 5
T5886 JED2010 – 0210+1ASB 77L 3

Aşgabat-Kuala Lumpur, 2024-nji ýylyň 15-nji fewraly, hepdede 2 gezek, Boeing 777-200LR

T5803 ASB0510 – 0620KUL 77L 4
T5801 ASB1530 – 0240+1KUL 77L 2

T5802 KUL0440 – 1030ASB 77L 3
T5804 KUL1820 – 0 010+1ASB 77L 4

“Türkmenistan” awiakompaniýasy mart aýynda Milan we Hoşimin şäherlerine gatnawlary başlamagy meýilleşdirýär.


düýn 16:40
2.6k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
9.3k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

08.06.2026 09:43
4.4k+

“Çölüň sesi” ekspedisiýasy Türkmenistanyň we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çölleriniň üstünden geçer

Mongoliýada "Çölüň sesi" atly halkara ekspedisiýa başlandy. Oňa gatnaşyjylar Merkezi Aziýanyň iň uly çöllerinden, şol sanda Türkmenistanyň içinden - umumy uzynlygy 17 müň kilometrlik ýoly geçerler diýip,......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....