“Beşiktaşyň” baş tälimçisi portugaliýaly Fernandu Santuş boldy

  • 09.01.2024 16:43
  • 12k+

Türkiýäniň “Beşiktaş” futbol klubunyň täze baş tälimçisi 69 ýaşly portugaliýaly Fernandu Santuş boldy. Bu barada toparyň metbugat gullugyna salgylanyp, Anadolu agentligi habar berýär.

Santuşyň ýolbaşçylygynda Portugaliýanyň milli ýygyndysy Ýewropa çempionatynda (2016) we Milletler ligasynda (2019) ýeňiş gazandy. Ol 2016-njy ýylda IFFHS tarapyndan ýylyň tälimçisi hökmünde ykrar edildi.
Santuş futbol karýerasyna 1966-njy ýylda Portugaliýanyň “Benfika” klubunyň ýaşlar düzüminde başlady. Professional karýerasy “Eştoril-Praýada” başlady. Ol toparyň düzüminde 216 oýna gatnaşdy.
Santuş hünäri boýunça elektrik inženeridir. Dürli döwürlerde ol Portugaliýanyň üç esasy klubuna tälimçilik etdi – “Portu”, “Benfika” we Lissabonyň “Sportingi”.
Ol baş tälimçi hökmünde Gresiýada “AEF Afiny”, “PAOK” we “Panatinaikos” klublarynda hem işledi, Gresiýanyň, Portugaliýanyň we Polşanyň milli ýygyndylaryna ýolbaşçylyk etdi.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......