Ýaponiýada kämillik ýaşynyň güni döwlet derejesinde bellenilýär

  • 10.01.2024 08:35
  • 12k+

8-nji ýanwarda tutuş Ýaponiýada milli baýramçylyk – kämillik ýaşynyň güni bellenilýär. Emma häkimiýetler dowam edýän ýertitremelerinden ejir çeken ýurduň köp etraplarynda resmi dabaralary we baýramçylyk çärelerini ýatyrmak kararyna geldiler diýip, TASS habar berýär.

2023-nji ýyldan başlap, baýramçylyk Ýaponiýanyň 18 ýaşyna ýeten ähli ýaşaýjylaryna degişlidir, çünki ýurtda kämillik ýaşy resmi taýdan 20-den 18 ýaşa çenli düşürildi.
18 we 19 ýaşly ýaponiýalylaryň indi saýlawlarda ses bermäge ýa-da öz adyna bank hasabyny açmaga hukugynyň bardygyna garamazdan, ýurtda alkogol we temmäki önümlerini peýdalanmaga henizem 20 ýaşdan rugsat berilýär.
Kämillik ýaşynyň güni ýaponiýaly ýaşlar, esasanam gyzlar üçin möhüm baýramçylykdyr. Ýaponiýaly ýaş gyzlaryň köpüsi bu baýramy uzyn, pola çenli ýetýän ýeňleri bolan açyk reňkli gyşky kimonolary geýip garşylaýarlar. Bu lybas uly düwün bilen daňylan “obi” atly guşak we dakma sütük ýaka bilen bezelendir. Aýaklara bolsa “dzori” atly ýalpyldawuk çepek geýilýär.
Bu günde Tokionyň kämillik ýaşyna ýeten ýaşaýjylary, köplenç, deň-duşlary bilen “Meýdzi” atly esasy sintoizm ybadathanasyna gidýärler, şol ýerde däp-dessurlara görä, saglyk we abadançylyk dileýärler hem-de ýadygärlik surata düşýärler.
Şeýle hem şol gün milli ýapon lybaslaryny synlamak üçin daşary ýurtly syýahatçylaryň arasynda hem meşhurdyr.


18.06.2026 22:13
4.9k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

04.06.2026 11:45
2.4k+

Ýaponiýada ýitip giten kekeçli ibisler gaýtadan ýetişdirilip, ýabany tebigata goýberildi

Ýaponiýada soňky onlarça ýylyň dowamynda ilkinji gezek, ozal bu sebitde doly ýitip giden kekeçli ibis guşlarynyň sekizisi ýabany tebigata goýberildi. Dabaraly çäre Hakui şäherinde geçirildi. Bu guşlaryň iň......

28.05.2026 17:06
4.4k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....

27.05.2026 10:18
9k+

Ýaponiýada 1200 ýyllap ýanyp duran «Ebedi ot» ybadathanasyny ot aldy

Ýaponiýanyň Miýadzima adasynda ýüze çykan uly ýangyn netijesinde 806-njy ýyldan bäri (1200 ýyldan gowrak wagt) dowamly ýanyp duran ebedi ody öz içinde saklaýan meşhur «Reýkado» ybadathanasy doly ýanyp, kül......