Ýazyjylar Microsoft-y we OpenAI-y kazyýete berdiler

  • 09.01.2024 14:37
  • 4.9k+

Amerikaly ýazyjylar Nikolas A. Basbeýns we Nikolas Geýj Microsoft we OpenAI kompaniýalaryny emeli aňa öwretmek üçin intellektual eýeçiligi ogurlamakda aýyplap, olaryň üstünden Manhetteniň federal kazyýetine arza berdiler diýip, PCMag-a salgylanýan 3DNews habar berýär.

Toparlaýyn ýazylan täze arzada ýazyjylar milliard dollarlyk işewürlik imperiýasynyň esasyna öwrülen AI modellerine (GPT maşgalasyny hem goşmak bilen) öwretmekde öz eserleriniň bikanun ulanylandygyny öňe sürýärler. Şeýle hem, awtorlar Microsoft-yň we OpenAI-ň awtorlyk hukugy bilen goralýan eserleri köpçülikleýin we bilkastlaýyn ogurlamak bilen meşgullanýandygyny tassyklaýarlar. 
Ondan öň bu iki kompaniýany ýazyjy Julian Senkton kazyýete beripdi. Arza beriji muny Microsoft-yň OpenAI-e esasy maýa goýujydygyny we iki tehnologiýa kompaniýasynyň özara baglanyşygyny nygtaýan öz Copilot önümi üçin onuň tehnologiýasyny ulanýandygy bilen düşündiripdi.
The New York Times gazeti golaýda öz täzelikleriniň rugsatsyz ýa-da öwezini dolmazdan AI modellerine öwretmek üçin ulanylandygyny tassyklap, Microsoft-y we OpenAI-y kazyýete berdi. Neşiriň sözlerine görä, AI gurallary sözleri gaýtalaýan, seresaplylyk bilen jemleýän we hatda materiallarynyň täsirli stiline meňzeýän tekstleri döredip biler.
Şeýle-de bolsa, AI-ni türgenleşdirmek üçin materiallarynyň ulanylmagyna habar beriş serişdeleriniň hemmesi garşylyk bildirip duranok. Mysal üçin, Associated Press AI modellerini taýýarlamakda OpenAI-e ýakyn iki ýylda täzelik materiallaryna girmäge mümkinçilik berdi, Politico bilen Business Insider hem öz saýtlaryndaky mazmuny AI-e öwretmek üçin kompaniýa bilen şertnama baglaşdy.
Çeşmeleriň bellemegine görä, kazyýet işleriniň duýdansyz öwrümleri ösen tehnologiýalary ösdürmek üçin intellektual eýeçiligi ulanmakda anyk düzgünleri we ahlak kadalaryny ösdürmegiň zerurdygyny görkezdi.


şu gün 12:17
2k+

Geýtsleriň gaznasy Microsoft-daky paýyny doly satdy

Gates Foundation haýyr-sahawat gaznasy 2026-njy ýylyň birinji çärýeginde kompaniýanyň soňky 7,7 million aksiýasyny satyp, Microsoft-yň maýasyndan doly çykdy....

düýn 14:48
3.2k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.6k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......

13.05.2026 15:09
4.4k+

Angilýa adasy .ai domeni arkaly onlarça million dollar gazanýar

Karib deňzindäki Angilýa adasy emeli aňyň dünýä derejesindäki meşhurlygynyň artmagy bilen býujet girdejileriniň birden köpelmegini hasaba aldy. Muňa garamazdan, adanyň özi tehnologik merkez hasaplanmaýar: bu......