Özbegistan altyn satmakda ýene-de dünýäde birinji boldy

  • 09.01.2024 08:47
  • 19k+

Özbegistan yzly-yzyna ikinji aý bäri dünýäde iň köp altyn satýan ýurt boldy. Bütindünýä altyn geňeşiniň (World Gold Council) maglumatlary muny subut edýär.

Noýabr aýynda merkezi banklar tarapyndan gymmat bahaly metallary satyn almagyň sap mukdarynyň 44 tonna ýetendigi bellenilýär. Satyn almagyň umumy mukdary 60 tonna deň bolup, bu oktýabr aýynyň görkezijileri bilen deňeşdirilende, 4% azdyr. Şeýle-de bolsa, bu geçen ýylda 36 tonna bolan ortaça görkezijiden has köpdür.
Noýabr aýynda altyny import ediji esasy ýurt Türkiýe Respublikasy boldy. Ol 25 tonna gymmat bahaly metal satyn aldy. 19 tonna bilen Polşa ikinji orunda ýerleşdi. Şeýle hem ilkinji bäşlige Hytaý (12 tonna), Çehiýa (3 tonna) we Gyrgyzystan (1 tonna) girdi.
Özbegistan noýabr aýynda 11 tonna altyn satmagy başardy, bu bolsa onuň yzýanyndaky  Gazagystandan dört esse köpdür.
2023-nji ýylyň jemleri boýunça Özbegistan gymmat bahaly metallaryň satuwynyň sap mukdary boýunça Gazagystandan az-kem yza galyp, ikinji ýeri eýeledi. Satyn almagyň sap mukdary boýunça sanawda Hytaý Halk Respublikasy birinji orunda durýar, ondan yzky hatarlarda bolsa Polşa we Singapur ýerleşdi.


düýn 12:11
11k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

27.05.2026 14:21
5.4k+

Dünýäniň azyk eksportynyň 80%-den gowragyny emele getirýän öňdebaryjy 30 ýurt

Azyk eksporty ýurduň ykdysady täsirliliginiň esasy görkezijisi bolmagynda galýar. Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) maglumatlaryna görä, dünýäniň azyk bazarynyň 80% -den gowragy, ýagny 1,5 trillion dollary,......

03.05.2026 15:54
2.7k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......