Saud Arabystany ähli sebitler üçin nebitiň bahasyny arzanlatdy

  • 08.01.2024 18:50
  • 9.4k+

Saud Arabystany 2024-nji ýylyň fewral aýynda ähli sebitler üçin nebitiň ähli görnüşiniň bahalaryny arzanladar. Bu barada Saudi Aramco döwlet kompaniýasyna salgylanyp, interfax.ru habar berýär.

Aziýaly alyjylar üçin bahalar barreline 2 dollar arzanladylar. Netijede, Aziýa iberilýän esasy nebit görnüşi – Arab Light – Omanyň we Dubaýyň nebit sebedinden 1,5 dollar gymmat bolar – bu 2021-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri iň pes mukdar.
Fewral aýynda ABŞ üçin bahalar hem barreline 2 dollar, Demirgazyk-Günbatar Ýewropa hem Ortaýer deňzi ýurtlary üçin barreline 1,5-2 dollar arzanlar.
Nebit bahalary 2020-nji ýyldan bäri ilkinji gezek 2023-nji ýylda pese düşdi.


08.06.2026 19:01
4.2k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
4k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...