Rafael Nadal Australian Open-e gatnaşyp bilmez

  • 08.01.2024 18:39
  • 3.5k+

Ispaniýaly tennisçi Rafael Nadal sosial ulgamlarynda Awstraliýanyň Açyk çempionatyna (Australian Open) gatnaşyp bilmejekdigini aýtdy. Bu barada gazeta.ru habar berýär.

“Hemmäňize salam, Brisbendäki soňky oýnumda mende myşsa bilen bagly kiçiräk mesele bardy, bu hem, bilşiňiz ýaly, meni alada goýdy. Mende myşsanyň mikro üzülmesiniň bardygyny anykladylar, ýöne ol mundan öňki şikesiň bolan ýerinde däl we bu gowy habar. Häzir men bäş setli oýunlarda ýokary derejede çykyş etmäge taýýar däl. Men lukman bilen görüşmek, bejergi almak we dynç almak üçin Ispaniýa yzyma uçýaryn” – diýip, Nadal ýazýar.

Ýanwar aýynyň başynda Nadal Brisbendäki (Awstraliýa) ýaryşa gatnaşdy. Ol dörtden bir finalda awstraliýaly Jordan Tompsondan utuldy. Mundan öň Nadal korta 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda çykdy. Şonda ol Australian Open-iň ikinji tapgyrynda amerikaly Makkenzi Makdonalddan utuldy.
Professional tennisçileriň assosiasiýasynyň (ATP) reýtinginde öňdebaryjylygy serbiýaly Nowak Jokowiç (11 245 utuk) saklaýar. Ikinji 8855 utuk gazanan ispaniýaly Karlos Alkaras gelýär. Üçlügi 7600 utuk bilen Daniil Medwedew jemleýär.


08.06.2026 12:41
2k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.5k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....